Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda 14 adam öldürildi


Owgan resmileri «Talybanyň» aýrybaşga iki hüjüminde asuda ilatdan azyndan 14 adamyň öldürilendigini aýdýarlar.

Helmand welaýatynyň sözçüsi Omar Zwak şenbe güni irden Marýah etrabynda minanyň üstünden baran kiçi awtobusda, miniwanda bäş adamyň ölendigini aýtdy.

Hyrat welaýatynda ýol işçilerine edilen hüjümde bolsa, dokuz adam öldürildi.

Ýerli polisiýa resmileri «Talyban» olaryň Karuk etrabyndaky lagerine dürli ýaraglardan ok atmak bilen hüjüm etdi diýýärler.
XS
SM
MD
LG