Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow Dempartiýadan çekildi


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow
17-nji awgustda Türksmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, prezident G.Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň VII gurultaýy boldy.

TDH, Türkmen döwlet habarlar gullugy gurultaýda edilen işleriň jemleriniň jemlenendigini, partiýanyň geljekde etmeli işleriniň umumy strategiýasynyň kesgitlenendigini habar berýär.

Şeýle-de gurultaýda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Programmasynyň we Düzgünnamasynyň täze redaksiýasy ara alnyp maslahatlaşylyp, käbir guramaçylyk meselelerine seredilipdir.

Gurultaýda prezident Berdimuhamedow giňişleýin söz bilen çykyş edip, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň esasy maksatlarynyň «biri demokratik, hukuk, dünýewi döwleti, ösen jemgyýeti gurmakdan hem ybaratdyr» diýdi.

"Ähli şertler döredildi"

Şeýle-de ol ýurtda raýatlaryň syýasy partiýalary döretmäge bolan konstitusion hukuklarynyň durmuş ýüzünde amala aşyrylmagy üçin «Türmenistanyň syýasy partiýalar hakyndaky kanunynyň» kabul edilendigini aýtdy.

Ol bu kanun netijesinde ýurduň senagatçylarynyň we telekeçileriniň öz syýasy partiýalaryny döredendiklerini hem sözüne goşdy.

Prezident Berdimuhamedow öz çykyşynyň dowamynda «ýurduň raýatlarynyň kanunçylyga laýyklykda öz syýasy partiýalaryny döretmäge bolan hukuklaryny amala aşyrmaklary üçin ähli zerur şertler döredildi» diýdi. Onuň pikirine görä, «şeýlelikde, ýurdumyzda köppartiýaly syýasy ulgamy döretmek ugrunda hem taryhy ädimler ädildi».

Deňligi üpjün etmeli

Döwlet baştutany şeýle taryhy pursatda, ýagny dürli syýasy partiýalaryň döredilýän wagtynda, hemmeleriň hukuk deňligini, dürli partiýalaryň işlemekleri üçin deň şertleri üpjün etmek maksady bilen, özüniň Türkmenistanyň prezidenti bolup işleýän döwründe Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzasy bolmagyny togtatmak, bu partiýanyň başlyklygyny öz üstünden aýyrmak barada karara gelendigini aýtdy.

Ol bu karayny ýene şeýle düşündirdi:
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:44 0:00
Ýükle

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow «ýurdumyzyň hökümetiniň agzasy bolup durýan döwründe hökümetimiziň beýleki ýolbaşçylary hem özleriniň partiýa agzalygyny wagtlaýyn togtatsalar, dogry bolar» diýdi.

TDH Türkmenistanyň Demtokratik partiýasynyň başlyklygyna partiýanyň syýasy geňeşiniň birinji sekretary Kasymguly Babaýewiň biragyzdan saýlanandygyny habar berýär.
XS
SM
MD
LG