Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yaş gyzlaryň janyna kast etmegi: Sebäp näme?


Adamyň janyna köpçülikde kast etmek üçin ulanylýan ýüpler
Adamyň janyna köpçülikde kast etmek üçin ulanylýan ýüpler
Owganystanda Adam hukuklaryny goraýan garaşsyz guramanyň geçen hepde ýaýradan beýanatynda aýdylşyna görä, ýurduň demirgazygyndaky Serpul we Jouzjan welaýatlarynda janyna kast edýän ýaş gyzlaryň sany göz görtele artypdyr.

Geçen sekiz aýyň dowamynda diňe Serpul welaýatynda 15 ýaş gyz öz janyna kast edipdir. Jouzjanda bolsa bu sanyň ondan hem köpdigi aýdylýar. Janyna kast eden gyzlaryň 15 bilen 18 ýaş aralygyndadygy aýdylýar.

Owganystanyň bu welaýatlarynyň ýaşaýjylarynyň esasy bölegini bolsa türkmenler emele getirýärler.

Eýsem, owganystanly türkmen ýaş gyzlaryň arasynda öz janyna kast edýänleriň artmagynyň sebäbi näme? Şol sebäpler we onuň öňüni almak meselesinde ýaşlar we ýaşulylar näme pikirde? Bu nobatdaky ýaşlar programmamyzyň esasy temasy.

Bu barada sizi hem öz pikiňizi aýtmaga çagyrýarys. Pikir, garaýyşlaryňyzy aşakdaky teswir bölümimizde galdyryp bilersiňiz.
XS
SM
MD
LG