Sepleriň elýeterliligi

Neşe karteliniň lideri tutuldy


Meksikada ýene bir neşe karteliniň lideri tutuldy.

Ýerli media ýurduň howpsuzlyk güýçleriniň şenbe güni Mario Ramirez Trewinony ele salandyklaryny aýtdy.

Ol Meksikanyň demirgazygyndaky Tamaulipas ştatynda tutulypdyr.

«X-20» ýa-da «Ýylçyr» diýlip tanalýan Ramirez kokain gaçakçylygy bilen meşgullanýan Aýlag karteline ýolbaşçylyk edýärdi.

Birleşen Ştatlaryň hökümeti ony tutan adama 5 million dollar sylag teklip edipdi.

Bu ýurtda soňky bir aýda tutulan ikinji uly neşe gaçakçysydyr.
XS
SM
MD
LG