Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Silde onlarça adam öldi


Hytaýyň demirgazyk-gündogaryna gelen gazaply sil suwlarynda onlarça adam öldi.

Döwlet eýeçiligindäki metbugat ýekşenbe güni bu sebitde soňky onýyllyklarda bolan iň gazaply sil zerarly azyndan 37 adamyň ýogalandygyny aýtdy.

Liaoniň welaýatynda 12 adamyň ölendigi aýdylsa, beýleki ýerlerde 32 adamyň tapylmaýandygy habar berilýär.

Jilin welaýatynda, Heýloňjiýaň welaýatynda hem adamlaryň ölendigi aýdylýar. 2500-den gowrak jaýyň weýran bolandygy, 140 müň adamyň bolsa ýaşaýan ýerlerinden başga ýere göçürilendigi habar berilýär.

Sil zerarly ýeten zyýanyň 1.5 milliard dollar çemesi bolmagynyň mümkindigi aýdylýar.

Şeýle-de Hytaýyň günortasynda 17 million çemesi adamyň iýun aýyndan bäri dowam edýän gurakçylygyň ejirini çekýändigi aýdylýar.

3 million adam agyz suwunyň ýetmezçiliginden horlansa, 1 million gektar ekiniň gurandygy habar berildi.
XS
SM
MD
LG