Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gatnaşyklara gaýtadan serediler


Ýewropa Bileleşigi, Ýakyn Gündogar ýurdunda dowam edýän zorluklar zerarly, özüniň Müsür bilen gatnaşyklaryna gaýtadan seretmegi planlaşdyrýar.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompu bilen Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Joze Manuel Barrozanyň ýekşenbe gün çap eden beýanatynda Müsürdäki taraplaryň ählisiniň zorlukdan saklanmagyna we sabyr-kanagatlylyk görkezmegine çagyrylýar.

Beýanatda ÝW-niň gyssagly suratda, gelýän birnäçe günde Müsür bilen gatnaşyklaryna gaýtadan seretjegi hem-de zorlugyň mundan beýläk dowam etmeginiň öňüni aljak çäreleri görjegi aýdylýar.

Müsürde soňky dört günüň zorluklary netijesinde 750-den gowrak adam öldürildi.

Gyrakladylan prezident Muhammad Morsä ygrarly yslamçylar öz demonstrasiýalaryny dowam etdirmegi wada berýärler.
XS
SM
MD
LG