Sepleriň elýeterliligi

Uzak Gündogar sil bilen darkaş gurýar


Amur sebitinde suw basan ýerler, 12-nji awgust, 2013.

Amur sebitinde suw basan ýerler, 12-nji awgust, 2013.

Orsýetiň resmileri ýurduň Uzak Gündogar sebitine gelen agyr sile garşy durmak tagallalarynyň dowam etdirilýändigini aýdýarlar.

Amur derýasynyň suwy ýekşenbe güni Habarowsk şäheriniň golaýynda ozal görülmedik derejede ýokary galdy. Çaklamalara görä, derýanyň joşmagy 25-nji awgusta çenli dowam eder we siliň bady diňe sentýabrda gowşajaga meňzeýär.

Ilatly ýerleriň 66-synda ýaşaýyş binalarynyň 5 müňden gowragyny sil basdy, bu ýagdaý 35 müňden gowrak adama täsir ýetirdi.

Orsýetiň zähmet we sosial meseleler ministriniň orunbasary Alekseý Wowçenko ýekşenbe güni žurnalistlere emele gelen ýagdaý barada şeýle diýdi:

"Sil esasan oba ýerlerini basdy, eger ýokardan seretseň, bu ägirt uly giňişlik. Ol ýerde ozal beýle zat hiç wagt bolmandy. Şahsy kömekçi hojalyklar, bag-bakjalar, öý mallary, bu zatlaryň hemmesi şol ýerlerdäki adamlaryň esasy eklenç çeşmesidi. Häzir bu zatlaryň hemmesiniň ýitirilendigini nazara alyp, biz Amur oblastynyň hökümetiniň eýýäm ol adamlaryň ählisine gyşa zerur bolan ýardamy bermek üçin degişli kararlary kabul edýändigini bilýäris."

Orsýetiň Goranmak ministrligi bu sebite doktorlary iberdi, saglyk resmileri bolsa ilata içýän suwlaryny zyýanly mikroplardan arassalap, dezinfeksiýa edip içmelidigini duýdurýarlar.

Wowçenko ejir çekenlere berilýän kömegiň derejesi hakynda durup, ýene şeýle diýdi:

"Ol ýere ähli mümkin bolan serişdeler mobilizlendi, çadyrlary dikmek, wagtlaýyn gonalgalary gurmak işine goşun birikmeleri hem işjeň çekilýär. Ýola goýlan ýardam tagalllary hakykatdanam uly we bu biziň owal-ahyrda görenlerimizden has ägirt."

Ol heläkçilik zonasyndan adatdan daşary maliýe kömeginiň berilmegini sorap ýüz tutan adamlaryň sanynyň 25 müň bolandygyny aýtdy.

Baş saglyk inspektory Gennadiý Onişçenko Hytaýdaky zäherlenen derýalardan gelýän sil suwlarynyň bu sebite zyýanly mikroplary we hapalanma getirýändigini duýdurdy.

Emma muňa garamazdan, onuň aýtmagyna görä, sebitiň saglyk ýagdaýy "durnukly".
XS
SM
MD
LG