Sepleriň elýeterliligi

Müsür: Zorluklar dowam edýär


Sinaý ýarym adasynda azyndan 24 sany polisiýa ofiseri öldürilipdir. Müsüriň howpsuzlyk resmileriniň sözlerine görä, duşenbe güni irden Gaza bilen serhetdäki Rafah diýen ýeriň golaýynda ýaragly adamlar polisiýa hüjüm edilipdir.

Müsüriň harbylary 3-nji iýulda prezident Mohammad Morsini häkimiýet başyndan çetleşdirip ony tussag edeli bäri ýurduň howpsuzlyk güýçleri harby gozgalaňçylaryň hüjümlerine sezewar edilýärler.

Geçen şenbe güni Kairiň gyrasynda 36 sany tussag näbelli şertlerde ýogalypdyr. Morsini goldaýan “Musulman doganlar” atly topar şol tussaglaryň polisiýa maşynynda heläk edilendigini aýtdy.

Müsürde Morsini goldaýan güýçleriň we polisiýanyň arasynda dowam edýän çaknyşyklarda azyndan 830 adamyň heläk bolandygy barada habar berilýär.
XS
SM
MD
LG