Sepleriň elýeterliligi

Kara-Suu: Saýlawlaryň netijeleri ret edilmedi


Gyrgyzystanyň saýlawlar boýunça ýokary derejeli resmisi ýurduň günortasynda ýerleşýän Kara-Suu şäherinde şenbe güni geçirilen saýlawlaryň netijeleriniň iki syýasy partiýanyň arasynda bolan çaknyşyklara garamazdan, ret edilmejegini aýtdy.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Gülnara Jorabaýewanyň duşenbe güni aýtmagyna görä, azyndan iki adamyň ýaralanmagyna getiren şol waka saýlawlaryň geçýän ýerinde bolmansoň, oňa saýlawlara täsir ýetiren bir waka hökmünde garalmaýandygyny habar berdi.

Gyrgyzystanyň “Ösüş” partiýasynyň agzasy häkimiýet başyndaky “Sosal-demokratik” partiýanyň agzasyny saýlaw býulletenlerini galplaşdyrmakda aýyplady.

Şaýatlar “Ösüş” atly partiýanyň agzasynyň “Sosal-demokratik” partiýanyň bir agzasyna hüjüm edendigini, “Sosal-demokratik” partiýanyň agzasynyň bolsa “Ösüş” partiýasynyň agzasyna ok atandygyny aýdýarlar. Sosal-demokratik” partiýasy özüne degişli diýilýän adamyň “Bir-bol” partiýasynyň agzasydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG