Sepleriň elýeterliligi

Rahmon barlyşygy teklip etdi


Täjigistanyň prezidenti Imomali Rahmon ýurduň dawaly gidroelektroenergiýa programmasyna barlyşykly çemeleşiljekdigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň Täjigistana sapar edýän resmisi bilen gepleşikleriň dowamynda Rahmon täze gidroelektrostansiýalaryň “regionyň ähli ýurtlarynyň bähbitleriniň nazara alynmagynda” guruljakdygyny mälim etdi.

Täjigistan we Gyrgyzystan ençeme ýyl bäri Amyderýäde we Syrderýada gidroelektrostansiýalarynyň gurluşygyny alyp barýarlar. Olar bu işinde Orsýetiň maliýe we tehniki ýardamyna daýanýarlar.

Goňşy Özbegistan muňa aladalanma bildirýär we täze gidroelektrostansiýalaryň özüniň suw upjünçiligine zyýan ýetirip biljekdigini aýdýar.

Tajigistan 20-22-nji awgustda suw meselesi boýunça halkara konferensiýasyny geçirmäge taýýarlyk görýär. Bu maslahatda Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň gidroelektrostansiýa gurmak boýunça planlarynyň hem maslahat edilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG