Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Ýene-de on ýyl geçsin


Serbiýaly karikaturaçy Miroslaw Miskowiçiň çeken karikaturasy

Serbiýaly karikaturaçy Miroslaw Miskowiçiň çeken karikaturasy

Üznüksiz iş stažy

Şahyr Pyhy Tagan çendan-ýarym çakyr içerdi. Bir gezek galamdaşlarynyň biri “Pyhy, ýaşyň segsene ser urdy. Çakyr içmegi bes etseň bolmaýarmy?!” diýdi. Şahyr:

-Çakyr içip başlanyma basym altmyş ýyl bolýar. Altmyş ýyl tegelenýänçä içmegi goýsam, onda çakyr içmek boýunça üznüksiz iş stažym köýjek. Büýem bary däl. SSSR dargandan soňra ähliňiz ak arak içip başladyňyz, SSSR-i ýykmakçy bolan ak gwardiýaçylara döndüňiz. Men bolsa entegem gyzyl çakyr içýän. Şeýdip, Gyzyllara-bolşawiklere ömürlik wepalydygymy subut edýän. Men gaýduwsyz bolşawikdirin -diýip, “ak gwardiýaçylara” igendi.

Ýene-de on ýyl geçsin

1984-nji ýylyň güýzünde ussat Kerim Gurbannepesow maňa jaň edip:

-Uniwersitetde studentler bilen duşuşygym bar. Maňa ýoldaş bol, bile gideli -diýdi. Uniwersitetiň aktlar zaly studentlerden hyryn-dykyn dolydy. Halypa ikimiz sahnada otyrdyk. Başda men 4-5 goşgy okadym.

Nobat ussada ýetdi. Ol 10-12 goşgy okandan soňra şahyra biraz dynç bermek üçin studentleriň biri onuň sözlerine döredilen “Gumly gelin” diýen aýdymy aýtdy. Aýdym aýdylyp duran wagty zala tarap baş atyp:

-Zaly synla, ol ýerde oturan gyzlaryň tas her üçüsinden biri owadan. Menem şu uniwersiteti tamamladym, ýöne ol wagt owadan gyzlar azdy -diýip, onuň gulagyna pyşyrdadym. Ol:

-Uniwersiteti tamamlanyňa näçe ýyl boldy? -diýip sorady. “On ýyl” diýdim. Ussat:

-Ýene-de on ýyl geçsin “Bu gyzlaryň ählisi owadan” diýersiň -diýdi. Halypa hak aýdan eken. Gyzlaryň ählisi owadan.

Buşluk

SSSR-iň dargamagynyň öňüsyrasy SSSR Ýazyjylar birleşiginde türkmen edebiýaty boýunça konsultant bolup işleýän Atajan Tagan ýazyjy Gurbandurdy Gurbansähedowyň öýüne jaň edip:

-Goňşyň Ata Atajanowyň öýüne jaň edýän, hiç kim telefony alanok, eýgelikmi? -diýip sorapdyr. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Atajanowyň aýaly azerbaýjan milletindendi. Onuň ogly Hajynyň gelni bolsa ermeni gyzydy. Atajanyň jaň etmezinden birki gün ozal gaýyn-gelin bir zadyň üstünde dawalaşyp, goh edipdir.

Duldegşir goňşy bolany üçin olaryň goh-galmagaly Gurbandurdy aganyň-da gulagyna ilipdir. Beýle zatlary owadanlap gürrüň bermegi halaýan Gurbandurdy aga:

-Atajan, oglan, sen Atanyň öýüne jaň edip emgenme! Atanyň öýi şu günler Daglyk Garabagyň filialyna döndi -diýip, gaýyn-geliniň gohuny Atajan Tagana “buşlapdyr”.

Anyk jogap

“Saglyk” žurnalynyň jogapkär sekretary Begjan Nurmädow redaksiýa täzelikde işe gelen hudožnik Anna Rejebowyň howuny basmak üçin:

-Anna, wagtynda anykladym, sen Milli howpsuzlyk gullygynyň leýtenanty ekeniň -diýipdir. Ýaş ýigit Anna aljyramandyr. Ol:

-Begjan aga, sizem biziň edaramyzda işleýäňizmi? Aýlyk almak üçin wedomosta gol çekeniňizde meniň familiýamy gördüňizmi? -diýip, onuň özüne sowal beripdir.

Toplan, taraşlan Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG