Sepleriň elýeterliligi

Müsürdäki dartgynlyk dowam edýär


Müsürde "Musulman doganlygynyň" goldawçylary harbylara garşy şygarlar gygyrýarlar. 18-nji awgust, 2013 ý.

Müsürde "Musulman doganlygynyň" goldawçylary harbylara garşy şygarlar gygyrýarlar. 18-nji awgust, 2013 ý.

Sinaý ýarym adasynda Müsüriň polisiýa işgärlerinden azyndan 24 adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Howpsuzlyk işgärleriniň aýtmagyna görä, duşenbe güni ertir iki awtobus bilen barýan polisiýa işgärleri Gaza serhedinde ýerleşýän Rafah şäheriniň golaýynda eli ýaragly adamlaryň hüjümine uçrapdyr.

3-nji iýulda harbylar yslamçy prezident Muhammed Morsini agdaryp, ony tussag edeli bäri söweşijileriň çöllük region Sinaýda amala aşyrýan hüjümleri artdy. Bu hüjümlerde nyşana alynýanlar köplenç Müsüriň howpsuzlyk güýçleri.

Ýurtda gazaply hereketler dowam edýär. Ýewropa Bileleşigi özüniň Kair bilen bolan gatnaşygyna täzeden seretmegi planlaşdyrýar.

Üstümizdäki hepde Brýusselde geçjek duşuşykda Bileleşigiň ozal Müsüre kömek hökmünde wada eden 5 milliard ýewro puly bermän, saklamagy mümkin.

Parižda geçirilen duşuşyk

Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Saud al-Faýsal ýekşenbe güni Parižde fransuz prezidenti Fransua Olland bilen gepleşik geçirdi. Ol bu gepleşikden soň beren beýanatynda Günbatara Müsüriň harbylaryna basyş etmezlik barada duýduryş berdi.

"Biz bolýan zatlar hakda umumy garaýyşlar barada gürleşdik. Umumy garaýyşlar näme iş edilmelidigi hakda bilelikdäki tutuma getirer diýip umyt edýäris. Men Müsüre gysyş görkezmek bir netije berip, ýurtda asudalygy we milli howpsuzlygy ornatmaga kömek eder öýdemok" diýip, al-Faýsal aýtdy.

Saud Arabystany Müsüriň öňki ýolbaşçysy Hosni Mubaregiň ýakyn ýaranydy. Hosni Mubarek 2011-nji ýylda halk gozgalaňynda agdarylyp, Morsiniň "Musulman doganlygy" häkimiýet başyna geldi.

Fransiýanyň prezidenti Olland Müsürde täze saýlawlaryň geçirilmegine çagyrýar.

"Biz - arap ýurtlary, Ýewropa, Fransiýa - gazaply hereketleriň togtamagy ugrunda iş alyp barmaga jogapkär. Şeýdip, Müsüriň syýasy häkimiýetleri öňümizdäki hepdelerde ýol görkeziji hökmünde plan düzüp bilmeli. Müsür halky öz garaýyşlaryny beýan eder ýaly saýlawlaryň gurnalmagyna basym ýol açylmaly" diýip, Fransua Olland aýtdy.

Harbylar öten çarşenbe güni Morsiniň goldawçylary tarapyndan gurnalan protest lagerlerini boşadaly bäri çaknyşyklarda azyndan 830 adam öldi.

Kairde we beýleki welaýatlaryň käbirinde adatdan daşar ýagdaý yglan edilip, gijelerine komendant sagady girizildi.

Ýekşenbe güni Müsüriň harby ýolbaşçysy indi zorluga çydamlylyk görkezilmejekdigini aýtdy.

Ýurduň goranmak ministri Abdul Fattah al-Sisi hem: "Müsürde hemmelere orun bar" diýdi.
XS
SM
MD
LG