Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus-ukrain: Söwda urşunyň bosagasyndamy?


Orsýet bilen Ukrainanyň arasyndaky araçäk
Orsýet bilen Ukrainanyň arasyndaky araçäk
Bolýan zatlar indi söwda urşuna meňzäp barýar.

13-nji awgustda gijäniň ýary Ukraina bilen Orsýetiň arasyndaky söwda gatnawy togtady. Orsýetiň serhet işgärleri ýük maşynlaryndan ýükleriň tutuşlaýyn düşürilmegini talap etdiler. Harytlar birin-birin barlanyp, ýene maşynlara ýüklendi.

Ukrainanyň uly eksportlarynyň köpüsine wekilçilik edýän Ukrain telekeçiler bileleşiginiň aýtmagyna görä, serhet işgärleri Moskwanyň Ukrainadan gelýän harytlary "ýokary derejede töwekgelçilikli" diýip yglan edendigini aýdypdyrlar.

Ors hökümeti beýle bir karara gelnendigini inkär edýär. Ukrain resmileri hem adamlary seresaplylyga çagyrýarlar. Ýöne syýasatçylar we analizçiler bu hereketiň Moskwanyň Kiýewiň Ýewropa Bileleşigi bilen ysnyşykly assosiasiýasynyň öňüni almak üçin girizen çäreleriniň biridigine şek-şübhe etmeýäne meňzeýär.

Ors Federal gümrük gullugynyň sözçüsi Ahmed Hasýanow Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugynyň bu dogruda beren soraglaryna gysgaça jogap berdi: "Biz näme zatlaryň bolýandygyny bilýäris. Ýöne size aýdyp biljek ýeke-täk zadym Federal gümrük gullugynyň bu barada aýdara zadynyň ýokdugy".

2 milliard dollarlyk zyýan çekmek

Ukrainanyň telekeçiler bileleşigi bolsa bu meseläni çözmek barada basym bir iş edilmese, baglaşylan häzirki şertnamalar boýunça ukrain kompaniýalarynyň 2 milliard dollardan hem köp zyýan çekjekdigini aýdýar.

Bu gurama ýurduň premýer-ministri Mikola Azarowy meseläni Moskwa bilen geňeşmäge çagyrdy.

Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen bolan gatnaşygynyň gowulanmagy Moskwany gitdigiçe aladalandyrýar. Ukraina eýýäm Ýewropa blogy bilen bir assosiatiw ylalaşyga, şeýle hem Çuň we hemmetaraplaýyn erkin söwda ylalaşygyna girişdi. Gysgaça "DCFTA" diýip atlandyrylýan bu ylalaşyklaryň hem soňky bölüminiň noýabrda Wilnýusda geçjek Gündogar ýaranlygynyň sammitinde jemlenmegine garaşylýar.

Moskwa Ukraina bilen beýleki postsowet ýurtlarynyň häzir Belarusy, Gazagystany we Orsýeti öz içine alýan Ýewraziýa gümrük bileleşigine goşulmagyny isleýär. Ol Ermenistana, Gyrgyzystana, Moldowa we aýratyn-da Ukraina Ýewropa bileleşigden ýüz öwrüp, özüniň gümrük bileleşigine gol çekmekleri üçin açyk basyş edýär.

Kreml bilen ýakyn aragatnaşykda bolan we häkimiýet başyndaky "Bütewi Orsýet" partiýasynyň agzasy, syýasy analizçi Sergeý Markow Moskwanyň döredýän söwda päsgelçilikleriniň aňyrsynda syýasy sebäpleriň ýatandygyny ýaşyryp duranok.

‘DCFTA’ gol çekişmek

"Ukraina Ýewropa bileleşigi bilen heläkçilikli 'DCFTA' gol çekişse, men oňa erkin söwda zonasy diýip bilmerin. Bu bir ýarym kolonial model. Brýussel ony Wilnýusda Ukraina teklip etmek isleýär. Ukraina Ýewropa bileleşiginiň hümmetsiz, belki-de, hili pes harytlaryna öz gapysyny açsa, Orsýet ukrain territoriýasyndan gelýän ähli harytlara gapylaryny ýapmaly bolar" diýip, Markow aýdýar.

Moskwadaky GDA döwletleri baradaky institutyň direktory Konstantin Zatulin munuň bir syýasy jedeldigi bilen ylalaşýar. Ol bu barada şeýle diýýär: "Umumy syýasy nukdaýnazardan aýdanyňda, ors-ukrain gantaşyklarynda bolýan her bir gadagançylyk anyk bir nägilelikden däl-de, köplenç Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak üçin tutan ýolundan gözbaş alýar".

Zatulin ozal konditer kärhanasy ”Roşanyň” nyşana alnandygyny, sebäbi onuň öňki prezident Ýuşenkonyň döwründe daşary işler ministri bolan Petro Poroşenkonyňkydygyny mysal getirýär. Poroşenko hem Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen bolan gatnaşygyny güýçlendiren adam.

"Sen, bir tarapdan, Orsýet bilen ykdysady hyzmatdaşlyga garşy wagyz edip, şol bir wagtyň özünde-de ors bazaryndan peýda görüp bilmersiň" diýip, Zatulin aýdýar.
XS
SM
MD
LG