Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan mergä garşy göreşýär


Täjigistan mergi keseliniň epidemiýasy bilen baglylykda Owganystan bilen serhedini wagtlaýyn ýapdy.

Sişenbe güni Täjigistanyň serhet gullugynyň metbugat wekili Huşnud Rahmatullaýew serhediň duşenbe gününden bäri ýapykdygyny žurnalistlere aýtdy. Ol bu karara Saglyk ministrliginiň ýüzlenmesi esasynda gelinendigini habar berdi.

Täjigistanyň Saglyk ministriniň orunbasary Azam Mirzoýewyň sözlerine görä, owgan serhedine golaý regionda mergi keseliniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça çäreler geçirilipdir.

Täjigistanyň we Orsýetiň habar beriş serişdeleriniň maglumatlarynda Owganystanyň Badahşan regionynda 1 500 adamyň mergi keselli, diýlip hasaba alnandygy barada habar berildi. Şolardan bir adam ýogalypdyr ýene 40 adam agyr ýagdaýda galýar.
XS
SM
MD
LG