Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Tussaglar protest bildirdiler


Gazagystanyň günbatarynda ýerleşýän Oral şäherinde türme tussaglary özlerine bolan gatnaşyga protest hökmünde özlerine şikes ýetirdiler.

Gazagystanyň Içeri işler ministrliginiň sişenbe güni ýaýradan beýannamasynda 25 sany tussagyň türme administrasiýasy tarapyndan “gadagan edilen zatlar” ellerinden alnansoň öz bedenlerine şikes ýetirendigi barada habar berildi.

Beýannamada tussaglaryň ellerinden alnan zatlaryň nämedigi, tussaglaryň özlerine nähili şikes ýetirendikleri we bu wakanyň haçan bolandygy barada düşündiriş berilmeýär.

Resmi beýannamada şol tussaglaryň ählisine medisina kömegi berildi we häzir olaryň ýagdaýy kadaly diýilýär. Gazagystanda tussaglar türmä şertlerine ýyllarboýy protest bildirip gelýärler. Protestler 2010-njy ýylda internetde bir tussagyň türme sakçysy tarapyndan urlup-ýenjilýändigini görkezýän wideonyň peýda bolmagyndan soň hasam güýçlenipdi.
XS
SM
MD
LG