Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşarraf Bhuttonyň ölüminde günälenýär


Sişenbe güni Pakistanyň sudy ýurduň öňki harby baştutany Perwez Muşarrafy 2007-nji ýylda heläk bolan öňki premýer-ministr Benazir Bhuttonyň ölümine bagly bolmakda aýyplady.

Rawalpindi şäheriniň sudy Muşarrafyň işine üç aýyplama esasynda, şol sanda adam öldürmek we munuň üçin dildüwşük gurnamak boýunça garaýar. Ýapyk görnüşde geçirilen sud diňlenişiginde Muşarraf özüni günäli hasap etmeýändigi aýtdy.

Muşarrafyň ulagly suda baran ýoluna ýüzlerçe polisiýa işgäriniň gözegçilik edendikleri barada habar berildi. Sud diňlenşigi 6-njy awgustda yza tesdirilipdi, suduň bu kararynyň Muşarrafyň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi bilen bagly bolandygy barada habar berilipdi.

Muşarraf şu ýylyň mart aýynda sürgünlikden ýurda dolanyp baraly bäri ençeme aýyplamalar bilen ýüzbe-ýüz boldy.
XS
SM
MD
LG