Sepleriň elýeterliligi

BMG Siriýada derňew geçirýär


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-moon Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagyna gatnaşygy bolup biljek ähli ýerleriň BMG-niň himiki ýaraglar boýunça bilermenleri üçin “doly derejede elýeterli bolmalydygyny aýtdy.

Ençeme aýlap dowam eden gepleşikleriň netijesinde BMG-niň 20 sany agzasy şenbe güni Damaska bardy we şu hepdäniň duşenbe güni işe başlady. Olaryň üç ýerde, şol sanda agyr söweşleri başdan geçiren Allepo şäheriniň golaýyndaky obada barlag geçirmeklerine garaşylýar.

Siriýanyň hökümet güýçleri we gozgalaňçylar himiki ýaraglary ulanmakda bir-birini aýyplaýarlar.

Ban Ki-moon duşenbe güni eden çykyşynda Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylandygy tassyklananda muňa “halkara jenaýaty” hökmünde garaljakdygyny belledi.

BMG-niň Ýakyn Gündogar boýunça wekili Robert Serrynyň geçen aýda Howpsuzlyk geňeşinde aýtmagyna görä, Siriýada himiki ýaraglaryň ulanylmagy barada BMG-ä 13 sany hasabat gowuşypdyr.
XS
SM
MD
LG