Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Musulman doganlaryň” lideri tussag edildi


Müsüriň “Musulman doganlar” atly syýasy toparynyň baş lideri tussag boldy. Döwlet mediýasy Muhammad Badiýeniň sişenbe güni irden Kairde howpsuzlyk güýçleri tarapyndan tussag astyna alnandygyny habar berdi.

Iýun aýynda 70 ýaşly Badiýe “Musulman doganlar” toparynyň beýleki agzalary bilen bilelikde zorluklary tutaşdyrmakda aýyplanypdy. Onuň tussag edilmegi häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezident Muhammad Morsiniň “Musulman doganlar” toparyna edilýän basyşlaryň nobatdaky tapgyrydyr.

Morsi protestleriň netijesinde 3-nji iýulda Müsüriň harbylary tarapyndan wezipesinden çetleşdirilipdi. Müsüriň sudy Morsini ýurtda zorlugy tutaşdyrmakda aýyplady, şol bir wagtyň özünde-de ýurduň öňki prezidenti Hosni Mubaragyň korrupsiýada aýyplanmagy bilen bagly sud işini ýatyrdy.

Duşenbe güni BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-moon Muhammad Morsiniň boşadylmagyna çagyrdy.
XS
SM
MD
LG