Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Britaniýa ýüzlenmändigini aýdýar


ABŞ Britaniýanyň hökümetinden amerikan gözegçilik programmalary barada ilkinji maglumatlary çap eden žurnalistiň partnýoryny tussag etmegi soramandygyny aýdýar. Ak Tamyň metbugat wekili Joş Earnest munuň britan hökümetiniň kararydygyny belledi.

Ýekşenbe güni Dewid Miranda terrorçylyga garşy göreş boýunça kanunyň esasynda Britaniýanyň häkimiýetleri tarapyndan dokuz sagatlap Londonyň Heathrow aeroportunda saklanypdy. Miranda Edward Snowdeniň maglumatlaryny Britaniýanyň “The Guardian” gazetinde çap eden žurnalist Glenn Greenwaldyň partnýory.

Amerikan howpsuzlyk gulluklarynyň öňki işgäri häzir Orsýetde galýan Edward Snowden ABŞ-da jenaýat işine çekilýär.

Ak Tam Londondan Mirandany tussag etmegi soramandygyny aýdan hem bolsa Britaniýanyň Mirandany tussag etmek planlary barada Birleşen Ştatlary habarly edendigini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG