Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Muşerref Bhuttonyň öldürilmeginde günälenýär


Pakistanyň öňki prezidenti Perwez Muşerref
Pakistanyň öňki prezidenti Perwez Muşerref
Pakistanyň bir sudy ýurduň öňki harby lideri Perwez Muşerrefi 2007-nji ýylda öňki premýer-ministr Benazir Bhuttonyň öldürilmeginde günäleýär.

Rawalpindidäki sud Muşerrefe sişenbe güni 3 maddada, şol sanda adam öldürmek we adam öldürmek boýunça dildüwşük guramakda günä bildirdi.

Jemgyýetçilige açyk bolmadyk sud diňlenişiginde Müşerref özüniň günäsizdigini aýtdy. Onuň aklawçysy Afşan Adil hem müşderisine bildirilýän günäleri ret etdi. Adil öz çykyşynda: "Öňki prezidentiň bu işde asla eli ýok. Meniň pikirimçe, ýöňkelýän günäleriň ýekejesi-de prezidente ýokaşmaz" diýip belledi.

Ýöňkelýän günäleri Muşerrefiň partiýasy-da ret edýär.

"Bütinpakistan Musulman Ligasy" partiýasynyň sözçüsi Aasia Işakue Muşerrefe bildirilýän günäler "toslama" diýdi. Ol: "Öz döwründe bolan bir ganhorluga prezident nädip jogapkär bolup biler?" diýen soragy berdi.

Ýeterlik howpsuzlyk çäreleri

Muşerref 2007-nji ýylyň dekabr aýynda öldürilen Bhuttony ýeterlik howpsuzlyk çäreleri bilen üpjün etmänlikde aýyplanýar. Hanym Benazir Bhutto Yslamabadyň golaýynda ýerleşýän Rawalpindi şäherinde geçirilen syýasy üýşmeleňde onuň garşysyna edilen bombaly hem ýaragly hüjümde öldürildi.

Prokurorlar we Bhuttonyň tarapdarlary, ençeme gezek goşmaça howpsuzlyk çäreleri soralyp, resmi taýdan berlen haýyşnamalara garamazdan, Muşerrefiň Bhuttony, bolmalysy ýaly, goramandygyny aýdýarlar. Olar bu barada ondan öň bolan hüjümlerde Bhuttonyň tarapdarlaryndan ençeme adam ölüp, onuň öz janynyň hem howp astyndadygy barada ýaýran habarlara salgylanýarlar.

Suduň bu karary Muşerrefiň ýa Pakistanyň haýsy hem bolsa bir öňki harby ýolbaşçysynyň jenaýat iş sebäpli ilkinji gezek günälenmegidir.

Mart aýynda ýurda dolanaly bäri Muşerrefe 1999-njy ýyldan 2008-nji ýyla çenli dowam eden hökümdarlygy bilen baglanyşykly ençeme günä bildirildi.

Iýun aýynda premýer-ministr Nawaz Şerif Muşarref barada watana dönüklik etmekde bildirilýän aýyplama boýunça barlag geçirilmegini buýurdy. Şerif: "Muşerref öz günälerine sud öňünde jogap berer" diýdi.

Ol Muşerrefi 1999-njy ýylda Pakistanyň saýlanan hökümetini agdaryp, 2007-nji ýylda kazylary işden boşadyp, ýurtda adatdan daşary ýagdaýy yglan etmek bilen konstitusiýany bozanlykda aýyplady.

Dönüklikde günäli tapylan halatynda Muşerrefe ömürlik türme tussaglygy ýa ölüm jezasy berilmegi mümkin.

Muşerrefe bulardan başga ýene iki babatda günä bildirilýär. Bularyň biri onuň 2007-nji ýylda wezipeden boşadylan ýokary derejeli kazyny tussag edendigi. Ikinjisi, 2006-njy ýylda Bulujystanda bir milletçi ýolbaşçynyň harby operasiýada öldürilmegi. Bu işde-de Muşerrefiň eliniň bardygy aýdylýar.

please wait

No media source currently available

0:00 0:03:09 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG