Sepleriň elýeterliligi

Oppozisiýa Assadyň güýçlerini aýyplaýar


Siriýanyň oppozisiýasy hökümede degişli güýçleri Damaskyň şäherýaka etraplarynda amala aşyrylan hüjümlerde himiki ýaraglary ulanmakda aýyplaýar. Agzalýan bu territoriýalarda esasan hem siriýaly söweşijiler agdyklyk edýärler. Hökümet bu aýyplamalary ret edýär.

Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesiniň berýän maglumatynda, çarşenbe güni ir bilen amala aşyrylan hüjümlerde hökümet güýçleriniň zäherli gazly raketalary uçurandygy baradaky habarlarda “hiç hili esasyň ýokdygy” bellenýär.

Merkezi Londonda ýerleşýän Siriýanyň Adam hukuklaryna gözegçilik edýän obserwatoriýa atly guramasy himiki ýaraglaryň partlamagy netijesinde onlarça adamyň ölendigini habar berýär.

Şeýle-de, agzalýan obserwatoriýa himiki ýaraglar barada derňewleri geçirmek üçin ýekşenbe güni Damaska baran BMG-niň wekillerine bu ýagdaýy derňemäge çagyryş etdi.

Siriýanyň oppozisiýasynyň ýerli gurama geňeşiniň aýtmagyna görä, hüjümlerde ýüzlerçe adam ölüpdir.

Siriýanyň döwlet telewideniýesiniň berýän maglumatynda bolsa, “oppozisiýanyň bu aýyplamalary BMG-niň gözegçileriniň alyp barýan missiýasyndan ünsüni sowmak üçin edilendir” diýilýär.

Siriýanyň dolandyryjylary we söweşijiler eýýäm 30 aýa golaý wagt bäri dowam edýän raýat urşy döwründe bir-birini himiki ýaraglary ulanmakda aýyplaýarlar.
XS
SM
MD
LG