Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Müsüri maslahatlaşýar


Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Müsürdäki dartgynlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin çarşenbe güni Brýusselde duşuşýarlar.

Ýewropa Bileleşigi Müsüriň harbylarynyň, häkimiýetden çetleşdirilen prezident Muhammet Morsiniň tarapdarlaryna eden soňky hüjüminden soň, Kaira berilýän kömegi bes edip-etmezlik barada gepleşikler geçirýärler.

Ýewropa Bileleşigi Müsüriň iň uly söwda hyzmatdaşy bolup, geçen ýyl ol Kaira ýardam etmek üçin takmynan 5 milliard ýewrolyk karz pul bermäge söz beripdi.

Şeýle-de Ýewropa Bileleşiginiň resmileri, Müsüre ýarag embargosyny girizmek hakynda hem gepleşikler geçirmegi göz öňünde tutýandyklaryny aýtdylar.

Sişenbe güni Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama ýurduň milli howpsuzlyk topary bilen duşuşdy. Şol duşuşykda Obama Müsüre her ýyl berilýän 1,5 milliard amerikan dollarlyk kömegi togtatmak barada pikir alyşdy.

Şeýle-de, mundan ozal sişenbe güni ir bilen ABŞ “Musulman doganlygy” hereketiniň iň uly lideri Muhammad Badiniň tussag edilmegini tankyt edipdi. Ol ýowuzlyklary öjükdirmek we adam öldürmek aýyplamalary bilen tussag edilipdi.
XS
SM
MD
LG