Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanda reýd geçirildi


Pakistanyň howpsuzlyk güýçleri sişenbe güni gije Kwetta şäherinde geçiren reýdlerde bomba ýasamak üçin ulanylýan materiallaryň takmynan 100 tonnasyny ele geçirdi we 10 adamy hem tussag etdi.

Howpsuzlyk güýçleriniň berýän maglumatyna görä, ele salnan materiallaryň düzümi, şu ýylyň başynda Kwette şäherinde aýry-aýrylykda partladylan iki bombanyň düzümindäki materiallar bilen çalymdaş. Şol partlamalarda takmynan 200 adam ölüpdi.

Polkownik Makbul Şahyň aýtmagyna görä, reýdler Kwettede iki adamyň 15 tonna kaliý hloratyny ýük maşynyna ýükleýän mahaly tutulmagynyň yzýany geçirilipdir.

Şahyň berýän maglumatyna görä, şol iki adam polisiýa ofiserlerini bomba ýasamak üçin materiallaryň saklanýan ammaryna äkidipdir.

Henize çenli ele salnan bu materiallaryň haýsy topara degişlidigi barada maglumat berilmeýär.

Kwetta Pakistanyň Balojistan welaýatynyň paýtagtydyr. Bu region “Talyban” hereketiniň hüjümlerinden we mezhepara ýowuzlyklardan kösenýär.
XS
SM
MD
LG