Sepleriň elýeterliligi

Indiki aýda Obama Singh bilen duşuşar


Öňümizdäki aýda Hindistanyň premýer-ministri Manmohan Singh Ak tamda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama bilen duşuşar.

Bu duşuşyk barada ABŞ-nyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Susan Raýs Hindistanyň milli howpsuzlyk geňeşçisi Şiwşankar Menon bilen sişenbe güni Waşingtonda geçiren gepleşiginden soň yglan etdi.

Singh bilen Obama duşuşygy 27-nji sentýabrda bolar.

Owganystandan daşary ýurt goşunlarynyň çykmaga taýýarlyk görýän häzirki pursadynda, ABŞ regiony durnuklaşdyrmak maksady bilen Hindistana, Pakistan bilen bolan dartgynlygyny azaltmaga basyş edýär.

Ýaňy ýakynda Hindistan bilen Owganystan meselesi barada gepleşikleri geçirmek üçin ABŞ-nyň wise prezidenti Joe Biden we Döwlet sekretary Jon Kerri Täze-Delä sapar edipdi.
XS
SM
MD
LG