Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan: Atowullaýew boşadyldy


Gürjüstanyň resmileri tussaglykdaky täjik žurnalisti Dodojan Atowullaýewi azatlyga goýberdi. Atowullaýew sişenbe güni Tbilisi aeroportyna gelenden soň, tussag edilipdi.

Çarşenbe güni Atowullaýew Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda, özüniň tussag edilenden birnäçe sagat soň azatlyga goýberilendigini we häzirki wagtda Germaniýa gaýdyp gelendigini aýtdy. Atowullaýewe Germaniýada syýasy gaçybatalga berlipdi.

Atowullaýewiň aýtmagyna görä, ol Çehiýa respublikasyndan Gürjüstana barandan soň, oňa täjik resmileri tarapyndan ekstremizm we terrorizm aýyplamalary bilen gözlenilýändigi aýdylypdyr.

Merkezi Parižda ýerleşýän halkara media hukuklaryny goraýan “Serhetsiz Reportýorlar” guramasy, gürji resmilerine Atowullaýewi derhal boşatmaklary üçin çagyryş edipdi.

Atowullaýew täjik prezidenti Emomali Rahmony we onuň maşgalasyny tankyt edip ýazýan raportlary bilen meşhurdyr.
XS
SM
MD
LG