Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Adamym 'ýa welosiped, ýa-da – men' diýdi"


Lebapda bir sport dükany, 19-njy awgust, 2013.
Lebapda bir sport dükany, 19-njy awgust, 2013.
Paýtagt Aşgabatda 1-nji sentýabrda geçiriljek köpçülikleýin tigirli marafona türgenleşik ýörişleri dowam edýär. Resmi metbugatda geçen ýekşenbe günki welosiped ýörişine 10 müňden gowrak studentiň, edara-kärhana işgärleriniň gatnaşandygy habar berildi.

Edil häzirki döwürde paýtagtda geçýän welosiped ýörişlerine gatnaşyjylaryň arasynda erkekleriň sany agdyklyk edýär. Emma az hem bolsa, olaryň arasynda ýaş gyzlara hem duş gelmek bolýar.

Tigir sürmek türkmen zenanlary üçin sportuň täze görnüşi. Umuman aýdylanda, zenanlaryň köpçüligiň öňüne welosiped münüp çykmagyna oňyn garalmaýar. Şonuň üçin Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir aýal-gyzlar özleriniň bu çärä mejbury gatnaşýandyklaryny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosyna berlen maglumata görä, her bir edara-kärhanadan tigirli ýörişlere azyndan 10-15 welosipedçiniň gatnaşdyrylmagy talap edilýär. Çärä gatnaşmaly edilen adamlaryň ýarpysy erkek, ýarpysy-da zenan bolmaly diýlen resmi taýdan tassyklanmadyk gürrüňler bar.

Zenanlaryň aladasy

Gatnaşanlaryň ýarpysy zenan bolmasa-da, häzirki welosiped ýörişleriniň badalgasy hökmünde Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda 3-nji awgustda geçirilen çärä, beýleki ýolbaşçylaryň hataryndaб mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa we wise-premýer Bägül Nurmyradowa dagy hem gatnaşypdy.

Türkmen resmileriniň tigir ýörişi
Türkmen resmileriniň tigir ýörişi
Olaryň şol çärä meýletin gatnaşan bolmaklary mümkin. Emma sportuň bu görnüşi Türkmenistanda aýal-gyzlar üçin täzelik, onda-da ýaşy bir çene ýetip, halk köpçüliginiň öňünde tigir sürüp ýören zenanlara duş gelmek gaty kyn.

Munuň bir sebäbi hem Türkmenistanda zenanlaryň welosiped sürmegine jemgyýetde bolan negatiw garaýyşlar. Jemgyýetiň bu garaýşyny paýtagtda ýerleşýän bir bankyň işgäri, özüni Bägül diýip tanadan gelin, öz durmuşyndan mysal getirip, Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berýär:

“Türkmençilikde aýal-gyzlaryň sport egin-eşigini geýinmegi we welosiped sürmegi halanmaýar. Aýyp diýip hasaplanýar. Welosepid sürmeli edildim diýemde, meniň adamym hem ýa – welosiped ýa-da – men diýdi”.

Diňe bank ulgamy däl, tigir sürmek çäresi beýleki döwlet edara-kärhanalaryň işgärleriniň hem gün tertibinde. Buýruk ýokardan bolansoň, käbir edara ýolbaşçylarynyň bu çärä gaty çynlakaý garaýandygy, çärä gatnaşmakdan ýüz öwrenleriň işden çykarylmagynyň mümkindigi barada hem duýduryş berilýändigi aýdylýar.

Tigir üçin işden çykýanlar

Azatlyk Radiosyna berlen maglumata görä, paýtagtyň käbir edara-kärhanalarynda tigirli ýörişlere gatnaşmajak bolup, özleri işden çykjak bolan aýal-gyzlaram bolupdyr.
Paýtagt Aşgabadyň 1-nji saglyk öýüniň özüni Gyzylgül diýip tanadan işgäri öz islegi boýunça işden çykmak barada arza ýazanlaryň biri. Emma, mesele ula ýazansoň, onuň deregine başga biri welosiped türgenleşigine iberilipdir.

Bank işgäri Bagül hem öz ýerine oglan jigisiniň gatnaşmagyna başlygynyň razylygyny alyp bilipdir. Bägüliň aýtmagyna görä, ol häzirlikçe köpçülikleýin welosiped marafonyna taýýarlyk ýörişlerinden boşadylypdyr. Emma ol şol marafonyň geçiriljek güni nähili boljakdygy barada henizem alada edýär.

“Türgenleşik ýörişlerinden azat etdiler. Ýöne ýokardan buýruk berseler, menem şol gün marafona iberäýmekleri ähtimal. Eger şeýle bolsa, men işden çykaryn” diýip, Bägül Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Mundan başga-da aýal maşgalalar üçin yssy howada 15 kilometrläp tigir sürmek hem ýeňil düşmeýär. Özüni Maýsa diýip tanadan student gyzyň aýtmagyna görä, ol 11-nji awgustda geçirilen welosiped ýörişine gatnaşyp, pellehana ýetip bilmänsoň, tigrini kursdaşlaryna berip, öýüne dolanypdyr.

"Sport diwersifikasiýasy"

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda Türkmenistan sportuň birnäçe täze görnüşleri bilen tanyşdyryldy, olaryň arasynda buzda oýnalýan hokkeý, kürekli gaýyk, sport maşynlaryny sürmek we iň soňkusy hem welosiped, ýagny tigir sportudyr.
Türkmenabatda Sagdynlyk we bagt hepdeligi, 3-nji aprel, 2013.
Türkmenabatda Sagdynlyk we bagt hepdeligi, 3-nji aprel, 2013.

Emma beýlekilerden tapawutlylykda, tigirli ýörişe asla bu sport bilen meşgullanmaýan adamlaryň gatnaşmagy hem talap edilýär. Bu hem döwletiň talaby bilen jemgyýetiň dessury basyşlarynyň arasynda galan käbir zenanlary kyn ýagdaýa salýar.

Şol bir wagtyň özünde-de paýtagtda köpçülikleýin welosiped marafonyna taýýarlyk işleri dowam edýär. Köpçülikleýin türgenleşik ýörişleri 4-nji awgustda başlap, ondan bäri 15 kilometrlik ýörişleriň ikisi geçirildi.

Şol türgenleşik ýörişlerinde, gaty seýrek hem bolsa, ýaş gyzlary-da görmek bolýardy. Köpçülikleýin tigirli marafonyň 1-nji sentýabrda geçirilmegine garaşylýar.
XS
SM
MD
LG