Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ölçer: 'Wiza bökdençligi aýrylmasa, turizm bolmaz'


"Awaza" syýahatçylyk zolagynda oglanlar suwa düşýärler.
"Awaza" syýahatçylyk zolagynda oglanlar suwa düşýärler.
Türkmenistanyň Hazar kenarynda gurulýan "Awaza" syýahatçylyk zolagyna eýýäm milliardlap maýa goýuldy. Daşy ak mermere gurşalan myhmanhanalar guruldy. Ýurt baştutany bolsa bu zolagyň ähmiýeti barada yzygiderli çykyş edýär.

Emma Türkiýäniň dünýä belli turistik şäheri Antalýada ýerleşýän we Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän "Termessos" turizm agentliginiň hünärmeni Metin Ölçer, Awazada heniz edilmeli işiň juda köpdigini aýdýar.

Onuň aýtmagyna, Awaza daşary ýurt turistleriň ünsüni çekmek üçin ilki başda wiza düzgünini ýeňilleşdirmeli we myhmanlara hyzmat ediş hilini düýp göter ýokarlandyrylmaly. Jenap Ölçer bilen habarçymyz Döwlet Baýhan söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Siziň Türkmenistanda nähili turizm işleriňiz bar we Awaza baradaky pikiriňiz nähili?

Metin Ölçer: Biziň Türkmenistanda eýýäm köp ýyllardan bäri turizm boýunça merkezi Aşgabatda bolan işlerimiz bar. Taraplar hökmünde turizm barada pikir alyşýarys. Awaza Türkmenistanda örän ähmiýetli we ullakan maksatly turistik merkez. Bu maksatnama gaty köp maýa goýuldy we bu ugurda hem köp işler durmuşa geçirildi.

Awaza maksatnamasynda, elbetde, türk firmalary hem, esasanam, gurluşyk işlerinde uly rol oýnaýarlar. Ýöne Awaza maksatnamasynyň dünýä açylmagy hökmany.

Azatlyk Radiosy: Metin Ölçer, aýdyşyňyz ýaly, Awaza maksatnamasynyň dünýä açylmagy üçin näme edilmeli?

Metin Ölçer:
Munuň üçin turuwbaşdan tanadyş işlerini ýaýbaňlandyrmaly. Ýöne mundan hem has ähmiýetlisi ol ýerdäki işgärleri turizm täliminden hem-de türgenleşiginden geçirmeli. Awazada wezipe aljak işgärler Türkiýä tälim almaga ýa-da türgenleşige gelip bilerler.

Müdirden başlap iň ýönekeý işgäre çenli Awazadakylaryň turizm türgenleşiginden geçirilmegi zerur. Bu ugurda biz hemişe her hili goldawy bermäge we ugrukdyryjy bolmaga taýýar. Haçan-da Awazada işgärler ýokary derejede taýýarlanylsa, soňra güýçli depginde Awazany tanadyş işleri alnyp barylmaly.

Belli bolşy ýaly, häzirki döwürde tanyşdyrmakda internet möhüm rol oýnaýar. Şonuň üçinem Türkmenistan bilen gyzyklanýanlar internet arkaly gerek bolan maglumatlaryny öwrenip bilerler. Awaza turistik kompleksi hemmetaraplaýyn internetde gowy tanadylmaly.

Türkiýäniň "Termessos" tursitik agentligi Aşgabatda sergä gatnaşýar
Türkiýäniň "Termessos" tursitik agentligi Aşgabatda sergä gatnaşýar
Azatlyk Radiosy: Siz turizmden hünärmen hökmünde Awazanyň şeýle ummasyz maýa goýumlaryň öwezini dolduryp biljekdigine ynanýarsyňyzmy? Şolar ýaly-da Awazanyň Antalýa bilen deňeşdirilmegine nähili baha berýärsiňiz?

Metin Ölçer: Antalýa, dogrudanam, ýylyň on iki aýynda turizm ugrundan ulanyp bolýan ýer. Myhmanhanalary, şäheriň hem tebigatyň gurluşy we iş mümkinçilikleri hem göz öňünde tutulanda, Antalýa turizm üçin örän amatly ýer. Antalýa her ýyl on iki million gowrak turisti myhman alýar.

Şeýlelik-de Antalýa dünýäde iň köp turist çekýän ýerleriň arasynda üçünji orunda durýar. Bu diňe [Antalýa gelýän] daşary ýurtly turistleriň sany. Munuň daşyndan Türkiýäniň öz içinden gelýän turistler hem bar. Şeýle aýratynlyklar göz öňünde tutulsa, Antalýany Awaza bilen deňeşdirmeklik dogry bolmaz. Sebäbi Türkiýä bir ýylyň dowamynda on üç milliona golaý wizaly we wizasyz turistler gelýär.

Türkmenistanda bolsa hemme zatdan owal [turistleriň öňünde] wiza bökdençligi bar. Daşary ýurtlarda Awaza bilen gyzyklanýanlaryň bu ýere arkaýyn gezmäge, görmäge gelip bilmegi üçin wiza bökdençligi bolmaly däl. Awazanyň daşary ýurtlylary gyzyklandyrmagy üçin wiza bökdençliginden daşgary-da ulag gatnawynyň we hyzmatyň hiliniň ýokarlandyrylmagy örän zerur.

Awaza ilkibaşda ýurduň öz halkyna nähili hyzmat edip biler diýen düşünjeden ugur almaly. Awaza gurlan mahaly ilkibaşda göz öňünde tutulan maksat nämedi? Awaza esasan daşary ýurtly turistlere niýetlenenmi ýa-da ýurduň öz halky üçin niýetlenenmi?

Türkiýäniň "Termessos" turistik agentligi Aşgabatda sergä gatnaşýar.
Türkiýäniň "Termessos" turistik agentligi Aşgabatda sergä gatnaşýar.
Azatlyk Radiosy: Metin Ölçer, siziň pikiriňize görä, turistik kompleksiň daşary ýurt turistleri üçinmi ýa-da ýurduň öz halky üçin gurulýandygy ilkibaşdan göz öňünde tutulmaly? Bularyň haýsy yurt üçin dogry hem bähbitli bolar?

Metin Ölçer: Türkmenistanyň halkynyň ilki bilen Awazany tanamagy, görmegi we ol ýerdäki hyzmatlardan peýdalanmagy dogry bolar. Awazanyň ozalbaşdan ýurduň öz halkyna peýdasy degmeli. Awaza goýlan maýa goýumlarynyň özüni ödemegi üçin gaty köp ýyl gerek bolar. Awaza goýlan maýanyň, çykdajylaryň gysga wagtda özüni ödäp, sonar-da girdeji getirip başlamagy mümkin däl.

Azatlyk Radiosy: Eger Antalýadan mysal alynsa, onda maýa goýumlaryň öweziniň dolmagy Awazada nähili bolarka?

Metin Ölçer: Turizmde maýa goýumlaryň özüni ödemegi Antalýada ortaça on ýyldyr. Meselem, Antalýa sebitinde üç ýüz million dollarlyk turizm desgasy guruldy diýeliň, ýa-da has gowy bir nusga, ýagny iki ýarym milliard dollar maýa goýum bilen “Mardan Palas” atly bir myhmanhana guruldy.

Azerbaýjanly bir işewüriň goýan şeýle maýasynyň öweziniň doldurylmagy aňsat iş däl. Adaty turizm sebitlerinde goýulýan maýalaryň öweziniň dolmagy üçin gerek bolan möhlet, ýaňky aýdyşym ýaly, on ýyl. Meniň pikirime görä, Awazadaky maýa goýumlardan girdeji almaklyk has uzak ýyllara çeker.

Sebäbi Awaza Antalýa ýaly [örän köp] turist çekip biljek bir ýer bolup bilmez. Hazar deňzinden peýdalanmaklygyň, ýagny suwa düşmekligiň möhleti Awazada iki aý. Bu edil Türkiýedäki Gara deňiz sebitiniň turizm şertleri ýaly. Türkiýede Gara deňiz sebitinde deňiz iki aýlap ýyly bolýar.

Möhlet gysga bolany üçin hem turizm üçin amatly şertler ýok. Ýöne Awaza ýurduň tanadylmagy üçin ulanylyp bilner. Meselem, Aşgabatda örän owadan ak mermerden jaýlar salnypdyr. Bu bir ýurda daşardan garalanda, owadan hem üns çekiji görünmegi üçin gerekli zat.

Awaza gurlan mahaly hem şeýle owadanlyk üçin gurlup, "Ynha, bizem Dubaý we Antalýa ýaly owadan ýerler gurduk" diýmeklik maksat edinilipmi, bilemok, dogrusy. Ýogsa-da, hemme zatdan owal Türkmenistanyň öz halkynyň peýdalanmagy göz öňünde tutulypmy, ony hem bilemok.

Bu ýerde esasy düşnüksiz ýagdaý – wiza bökdençligi bolan ýere daşardan nädip turistleriň geljegi. Awaza adamlar [daşary ýurtlardan] gönümel uçarlar bilen gelip biljekmi? Wiza bökdençligi diňe Awaza üçin aňsatlaşdyryljakmy? Ynha, şeýle meseleler örän wajyp. Bu meseleler ylmy işler bilen çözülmeli.

Uniwersitetleriň turizm bölümleri bilen hyzmatdaşlyk gurulmaly. Dürli meýilnamalar taýýarlanyp, olaryň üstünde ýörite işlemek gerek. Awazanyň girdeji bererlik derejä ýetirilmegi üçin dürli görnüşde ummasyz köp maksatnama durmuşa geçirilmeli. Her bir maksatnama bilen baglanyşykly hem ylmy ýygnaklar geçirilmeli.

Awazanyň hut özi barada bolsa uly bir ylmy hem hünärmenler geňeşi geçirilmeli. Biz bu ugurlarda hem gerek bolan goldawy berip bileris. Awaza üçin halkara institutlaryndan goldaw alynmagyna araçy bolup bileris.

Türkiýäniň "Termessos" turistik kompaniýasy Aşgabatdaky sergä gatnaşýarlar
Türkiýäniň "Termessos" turistik kompaniýasy Aşgabatdaky sergä gatnaşýarlar
Azatlyk Radiosy: Hazar deňziniň kenarynda Awaza üçin saýlanyp alnan ýer we göz öňünde tutulýan maksatnamalar, dogrudanam, hakykata laýyk gelýärmi?

Metin Ölçer: Awazadaky turizm maýa goýumlary dowam etjek bolsa, diýmek, bu halkara turizmi göz öňünde tutýar. Awazada diňe myhmanhanalar we turizm desgalary gurmaklyk ýeterlik däl. Hemme zatdan owal sebitiň daşky gurşawynyň we abadançylygynyň turizme amatly bolmagy zerur.

Turizm sebitleriniň abadanlaşdyryş işlerini Türkiýede ýerli häkimiýetler alyp barýar. Şäher häkimlikleri ýollary gurup, daş-töweregi abadanlaşdyrmaly. Turizm sebitinde edilmeli iş diňe myhmanhana gurmaklyk bilen çäklenmeli däl. Sebiti durşy bilen turizm maksatnamasyna gabat geljek ýagdaýda abadanlaşdyrmaly.

Daşky gurşaw meselesi hem örän wajyp. Meselem, Antalýadaky myhmanhanalar daşky gurşaw meselesine gaty çynlakaý garaýar. Antalýada her bir turistik ýeriň öz arassalaýyş hem gaýtadan işleýiş desgalary bar. Şonuň ýaly Awazada hem möhüm arassalaýyş we gaýtadan işleýiş desgalarynyň hem bolmagy zerur. Bolmasa, Hazar deňzi gaty çalt hapalanar we daşky gurşawa zyýan ýeter.

Awazanyň golaýynda nebiti gaýtadan işleýän desganyň bolmagy gowy ýagdaý däl. Senagat önümçilik desgalarynyň hapalarynyň Hazar deňzine atylmagyna rugsat berilmeli däl. Olaryňam öz arassalaýyş hem hapalary gaýtadan işleýän desgalary hökman bolmaly. Arassaçylyk üçin hem aýratyn gaty uly maýa goýumlar edilmeli.

Awaza ýaly turizm merkezlerinde daşky gurşawa zyýan berip biljek ýagdaýlaryň öňüni almaklyk hem örän wajyp mesele. Dünýäde turistler hemişe arassa ýerlerde dynç almaga ýykgyn edýärler. Şonuň üçin hem Awazada arassaçylyk hem, edil abadanlaşdyryş ýaly, birinji orunda durmaly. Awazadaky maýa goýumlaryň öweziniň dolmagy hem ol ýerde daşky gurşawyň gowy goralmagyna bagly bolar.

Azatlyk Radiosy: Türk firmalary Awaza nähili üns berýärler?

Metin Ölçer:
Eger wiza bökdençligi aýrylsa, elbetde, türk firmalary Awaza bilen gyzyklanarlar. Biziň firmamyz hem Awazada turizm boýunça öz hyzmatlaryny hödürlär. Emma ilkibaşda wiza bökdençliginiň we gatnaw kynçylyklarynyň çözülmegi gerek. Turistler sepli uçuşlary halamaýar, ýagny adamlar dynç alyş ýerine gönümel uçmak isleýärler. Aşgabadyň üsti bilen däl-de, gönümel Awaza uçup biljek bir halkara aeroportuň bolmagy gaty bähbitli hem amatly bolar.

Azatlyk Radiosy: Metin Ölçer, turizm hünärmeni hökmünde, siziň pikiriňize görä, ýurduň köp bölegini emele getirýän Garagum çölünden Türkmenistan turizm babatda nähili peýdalanyp biler?

Metin Ölçer: Meselem, Dubaý hem daş-töweregi çöllük yurt. Emma, muňa garamazdan, dünýäniň esasy turizm merkezleriniň biri. Bahalary gymmat hem bolsa, gaty köp turistiň ünsüni özüne çekýän ýer. Türkmenistan hem çölden peýdalanmaklyk babatda ilki bilen medeni aýratynlyklaryny öňe çykarmaly.

Türkmenistanyň taryhy hem däp-dessur özboluşlylyklaryna üns çekilmeli. Awazanyň kämilleşmegi bilen birlikde çölde, kän bir ullakan maýa goýum talap etmeýän, täsirli gezelençler we düşelgeler gurnalyp bilner. Türkmenistanda çöl turizmine ilkibaşda kän adam gelmejegi üçin birden uly maýa goýumlary durmuşa geçirmegiň geregi ýok.

Çöl turizmi üçin iň azyndan bäş-on ýyllap ýöriteleşdirilen turizm maksatnamalary bilen sabyrly iş alnyp barylmaly. Bularyň ýany bilen Türkmenistany dünýä tanatjak dogry işler hem tagallalar durmuşa geçirilmeli.
XS
SM
MD
LG