Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sud Mubaragyň boşadylmagy barada karar çykardy


Kairiň sudy Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubaragyň şertli boşadylmagy barada karar çykardy. Bu barada Müsüriň döwlet telewideniýesi habar berýär.

Emma henize çenli onuň boşadylaýan halatynda haçan azatlyga goýberiljekdigi barada maglumat berilmeýär. Bu karar Mubaragyň döwlet eýeçiligindäki media kompaniýasyndan sowgatlary kabul edendigi hakyndaky sud işi bilen bagly gelnen netijesidir.

Aprel aýyndan bäri Kairiň sudy Mubaragyň başga-da üç sud işi boýunça şertli boşadylmagy barada karar çykarypdy.

Mubarak şol sud işlerinde korrupsiýa hem-de 2011-nji ýylda Müsürde bolan köpçülikleýin gozgalaňlarda protestçileriň öldürilmegine gatnaşandygy baradaky aýyplamalary öz içine alýar. Şol gozgalaňlarda Mubaragyň hökümeti agdarylypdy.
XS
SM
MD
LG