Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Almata: Gazet tussaglygyna galýar


Gazagystanyň garaşsyz gazeti öz işiniň togtadylmagy bilen baglylykda närazylyk bildirip suda eden ýüzlenmesini kanagatlandyryp bilmedi. Hepdäniň penşenbe güni Almatanyň sudy “Prawdiwaýa gazeta” ýagny dogruçyl gazet atly neşriň işini üç aýlyk togtatmak barada ozal gelnen karary dogry tapdy.

Şu aýyň başynda Almatanyň administratiw sudy gazetiň işini togtadypdy we bu kararyny döwürleýin neşriň çap edýän sanlary barada dogry hasabat bermändigi bilen delillendiripdi.

Hepdelik gazetiň redaktorlary suduň çykaran kararynyň syýasata baglydygyny aýdýarlar.

Şu ýylyň aprel aýynda Içeri işler ministrliginiň şäher departamentiniň işgärleri gazetiň ilkinji sanyny tussag edipdi. Resmiler şonda gazetiň çapdan çykjak wagtynyň registrasion dokumentlerde görkezilmändigini aýdypdylar.

Ýewropa Parlamenti şu ýylyň aprel aýynda Astananyň syýasy, metbugat we dini azatlyklara hormat goýmaýandygyny tankyt edýän rezolýusiýany kabul edipdi. Gazagystanyň häkimiýetleri geçen ýylyň dekabr aýynda oppozision we garaşsyz habar serişdeleriniň onlarçasyny gadagan edipdi we olaryň “ekstremistik mazmunlydygyny” aýdypdy.
XS
SM
MD
LG