Sepleriň elýeterliligi

Hökümet güýçleri Damasky bombalaýar


Siriýanyň hökümet güýçleri Damaskyň gyralaryny bombalamagyny dowam etdirýärler. Oppozision toparlar şol ýerleriň ozal himiki ýaraglaryň hüjümlerine sezewar edilendigini habar beripdi.

Britaniýada ýerleşýän Siriýada adam hukuklaryna gözegçilik edýän topar penşenbe güni paýtagtyň günbatar böleklerine minomýot we raketa zarbalarynyň urulandygyny habar beripdi. Siriýanyň oppozisiýasynyň aktiwistleri himiki ýaraglaryň hüjüminden heläk bolanlaryň sanynyň 136 adamdan 1 300 adama çenli köpelendigini aýtdylar.

Gozgalaňçylaryň elindäki giňişliklere himiki ýaraglar bilen hüjüm edilmegi baradaky habarlar çarşenbe güni diplomatik aktiwligini güýçlendirdi.

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi ýapyk gapylaryň aňrysyndan adatdan daşary maslahatyny geçirdi.

Howpsuzlyk geňeşi bitarap we gyssagly derňew geçirmegi makullady. Emma bu derňewleriň BMG-niň häzir Siriýadaky himiki ýaraglar boýunça inspektorlary tarapyndan haçan geçiriljekdigini aýtmady.
XS
SM
MD
LG