Sepleriň elýeterliligi

Başgalarda syýasy partiýa nähili döredilýär?


 Bundestagyň binasy, Berlin.

Bundestagyň binasy, Berlin.

Germaniýanyň Syýasy partiýalar barada 1967-nji ýylda kabul edilen aktynda syýasy partiýalaryň azat demokratik gurluşyň aýrylmaz bir bölegidigi aýdylýar.

Bu ýurtda syýasy partiýalaryň bolmagy Konstitusiýa esasynda talap edilýär. Olar, ýagny syýasy partiýalar, adamlaryň syýasy erk-islegleriniň formalaşmagyna erkin we dowamly gatnaşmak bilen, Baş kanun esasynda kepillendirilen we özlerinden talap edilýän jemgyýetçilik funksiýasyny ýerine ýetirýärler.

«Syýasy partiýalar jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda halkyň syýasy erk-isleginiň formalaşmagyna, hususanda jemgyýetçilik pikiriniň döremegine, raýat bilim-düşünjesiniň giňemegine, raýatlaryň syýasy işlere aktiw gatnaşmagyna, jemgyýetçilik jogapkärçiligini öz üstüne almaga ukyply raýatlaryň tälim-terbiýesine, ilatyň saýlawlara işjeň gatnaşmaklaryna goltgy bermeli» diýip, Germaniýanyň «Syýasy partiýalar baradaky aktynda» aýdylýar.

Şeýle-de bu kanunda syýasy partiýalaryň maksatlarynyň syýasy programmalarynda görkezilmelidigi we öz serişdelerini ulanmalydygy nygtalýar.

SSSR-den soňky syýasy erkinlik

Mälim bolşy ýaly, ozalky sowet respublikalarynda, şol sanda Orsýetde we Gazagystanda köppartiýalylyk SSSR daraganyndan soň döredi.

Orsýet Federasiýasynyň «Syýasy partiýalar hakyndaky kanunynda» (bu kanun Döwlet Dumasy tarapyndan 2001-nji ýylyň 21-nji iýunynda kabul edildi we şol ýylyň 29-njy iýunynda Federasiýa Geňeşi tarapyndan tassyklanyldy) syýasy partiýalaryň erkin, döwlet guramalaryndan we wezipeli adamlardan rugsat almazdan döredilýändigi aýdylýar.

Kanunyň 11-nji maddasynda aýdylmagyna görä, syýasy partiýalar syýasy partiýanyň uçreditel, dörediji gurultaýynda döredilip bilner. Dörediji gurultaý syýasy partiýany döretmek hakynda karar kabul edeninden soň, ol döredilen hasaplanýar.
Syýasy partiýa döredilen gününden başlap, syýasy partiýanyň regional bölümlerini döretmek, onuň döwletiň ýuridiki guramalarynyň bitewi döwlet sanawyna girizilmegi üçin zerur bolan dokumentleri toplamak bilen bagly guramaçylyk, maglumat-wagyz işlerine başlaýar.

Orsýet Federasiýasynyň «Syýasy partiýalar baradaky kanunyna» 2012-nji ýylda girizilen goşmaçalar we düzedişler esasynda, şu kanunyň 23-nji maddasynyň 6-njy bölegine gärä, syýasy partiýalaryň agzalary, talap boýunça, 500-den az bolmaly däl.
Post-sowet giňişliginde syýasy partiýalaryň döremegine päsgel ýa böwet bolýan zatlaryň biri hem partiýalaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy bilen bagly hasaplanýar.

Hasaba alyş meselesi

Orsýetiň «Syýasy partiýalar hakyndaky kanunynyň» 15-nji maddasy şe meselä bagyşlanýar.

Syýasy partiýalar we olaryň regional bölümleri «Ýuridiki guramalaryň we hususy telekeçileriň döwlet registrasiýasy hakyndaky» Federal kanun esasynda, bellenilen ýörite düzgünler boýunça hasaba alynmaly.

Syýasy partiýany hasaba aldyrmak üçin zerur bolan dokumentler degişli federal gurama syýasy partiýanyň uçreditel gurultaýy geçirileninden soň alty aýdan gijä galman tabşyrylmaly. Zerur dokumentler tabşyrylanyndan soň, bäş iş gününiň dowamynda, degişli gurama syýasy partiýany döwlet edaralarynyň bir bitewi ýuridiki sanawyna girizmeli we bu barada syýasy partiýa bir gün içinde habar bermeli.
Federal kanunyň 20-nji maddasynyň degişli bölegi esasynda syýasy partiýanyň hasaba alynmagy togtadylan ýagdaýynda, bu barada kanun esasynda, sebäplerini düşündirmek bilen, syýasy partiýany döredijilere jogap bermeli.

"Syýasy partiýalaryň işi azat bolmaly"

Gazagystan Respublikasynyň Syýasy partiýalar barada 2002-nji ýylyň 15-nji iýulynda kabul eden kanunynyň 5-nji maddasynda aýdylmagyna görä, «syýasy partiýalaryň işi azat-erkinlige, deňlige öz-özüňi dolandyryşa, kanunçylyga we aç-açanlyga esaslanýar».

Şeýle-de bu kanunda syýasy partiýalaryň işiniň adamyň we raýatyň Gazagystan Respublikasynyň Konstitusiýasy esasynda kepillendirilen hukuklaryny we azatlyklaryny bozmaly däldigi bellenilýär.

«Syýasy partiýalar Gazagystan Respublikasynyň syýasy partiýa agza bolan raýatlaryna syýasy partiýanyň ýolbaşçy guramalaryna wekilçilikde, deputatlyga we döwlet häkimiýetine, ýerli dolandyryş guramalaryndaky beýleki saýlawly wezipelere kandidatlaryň sanawy düzülende deň mümkinçilikleri döretmeli» diýip, Gazagystan Respublikasynyň «Syýasy partiýalar baradaky kanunynyň» Syýasy partiýalaryň döredilmeginiň we işledilmeginin esaslary diýen bölüminde aýdylýar.
XS
SM
MD
LG