Sepleriň elýeterliligi

Abdurahmonowyň ykbalyna alada bildirilýär


Londonda ýerleşýän “Amnesty International” guramasy Özbegistanda tussag edilen tajik raýatynyň ykbalyna aladalanma bildirýär. Guramanyň çarşenbe güni ýaýradan beýannamasynda 38 ýaşly Abdumawlon Abdurahmonowyň aprel aýyndan bäri tussaglykda saklanýandygy we onuň ýanyna maşgala agzalarynyň goýberilmeýändigi aýdylýar.

Abdurahmonowyň maşgalasy onuň gynamalara ýa beýleki zorluklara sezewar edilýän bolmagyndan howatyrlanýar.

Abdurahmonowyň Özbegistanda ýaşaýan öňki aýaly çagalaryny görmäge baran Abdumawlonyň özbek howpsuzlyk işgärleri tarapyndan sebäbi düşündirilmezden äkidilendigini onuň Täjigistandaky garyndaşlaryna gürrüň berdi.

Täjik resmilerine Özbegistanyň Daşary işler ministrliginden gowşan resmi beýannamada Abdurahmonowyň tussaglygy ret edilýär. Täjigistanyň adam hukuklary boýunça ýörite wekili bu iş boýunça ýardam sorap özbek tarapyna eden ýüzlenmesine jogabyň bolmandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG