Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talybanyň ýokary derejeli wekili öldürildi


“Talyban” hereketiniň ýokary derejeli wekili we onuň üç janpenasy Pakistanyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän regionlaryň birinde bolan bomba partlamasynda ölüpdir.

Pakistanyň Günorta Waziristan regionyndan žurnalist Hafizulla Waziriň penşenbe güni Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Gulam Hanyň barýan ulagy Pakistanyň Owganystan bilen günbatar serhediniň golaýynda ýerleşýän Mana obasynda çarşenbe güni partlapdyr.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.

Gulam Han “Özbegistanyň yslamçy hereketi” atly söweşjeň toparynyň ýakyn ýarany bolupdy. Günorta Waziristan regionynda “Talyban” hereketiniň söweşijileriniň arasynda giňden ýaýran bäsdeşlik gidýär.
XS
SM
MD
LG