Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Hökümet bombalamagy dowam etdirýär


Pitneçileriň himiki hüjüm edildi diýýän ýeriniň üstündäki tüsse dumany, Damaskyň etegi, 21-nji awgust, 2013.

Pitneçileriň himiki hüjüm edildi diýýän ýeriniň üstündäki tüsse dumany, Damaskyň etegi, 21-nji awgust, 2013.

Siriýanyň hökümet güýçleri Damaskyň eteklerini bombalamagy dowam etdirýär, oppozisiýa toparlary çarşenbe güni aýylganç himiki ýaragyň zarbasyna duçar bolandyklaryny aýdýarlar.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy penşenbe güni paýtagtyň gündogaryna edilýän minomet we raketa hüjümleriniň gaýtadan dikeldilendigini aýtdy.

Siriýanyň oppozisiýa aktiwistleri himiki hüjüm diýilýänden ölenleriň sanynyň 136-dan 1300 adama çenlidigini aýdýarlar.

Pitneçileriň eýeleýän ýerlerinde himiki ýaraglaryň ulanylandygy baradaky habarlar çarşenbe güni diplomatik töwreklerde hem galagopluk döretdi.

BMG-niň iki bölünen Howpsuzlyk geňeşiniň ýapyk gapylaryň arkasynda geçiren adatdan daşary maslahaty bu hadysanyň "bitarap we çaltdan-çalt" derňelmegine arka çykdy.

Ilçiler bir pikirde

Argentinanyň BMG-däki ilçisi Maria Kristina Perceval, Howpsuzlyk geňeşiniň häzirki prezidenti, çarşenbe güni bolan maslahatdan soň žurnalistlere şeýle diýdi:

"Men bu aýdylýanlar we ol ýerde bolan zatlar barada aýdyňlygyň bolmagy, ýagdaýyň gowy seljerilmegi babatda geňeş agzalarynyň arasynda düýpli aladanyň bardygyny aýdyp bilerin. Haýsy tarapyň we nähili ýagdaýda ulanýandygyna garamazdan, himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň Halkara kanunyny bozmak bolup durýandygy barada Geňeş agzalarynyň hemmesi bir pikirde."
Maria Kristina Persewal, Argentinanyň BMG-däki hemişelik wekili we Howpsuzlyk geňeşiniň prezidenti Siriýadaky ýagdaý barada çykyş edýär. Nýu-Ýork, 20-nji awgust, 2013.

Maria Kristina Persewal, Argentinanyň BMG-däki hemişelik wekili we Howpsuzlyk geňeşiniň prezidenti Siriýadaky ýagdaý barada çykyş edýär. Nýu-Ýork, 20-nji awgust, 2013.


BMG-niň baş sekretarynyň orunbasary Jan Eliasson özüniň indi BMG-niň Siriýadaky ekspertleriniň himiki hüjümleriň amala aşyryldy diýiýän ýerine baryp biljekdiklerine umytlydygyny aýtdy. Emma Siriýanyň hökümetiniň bu toparyň ol ýere byrap görmegine kömek etjegini görkezýän barada hiç bir alamat görünmedi.

Habarlarda Orsýet bilen Hytaýyň BMG-niň ýolbaşçylygynda gyssagly derňewe çagyrylmagyna garşy çykandygy aýdylýar.

Eliasson BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-munyň bu hüjüme reaksiýasy barada žurnalistlere şeýle gürrüň berdi:

"Siziň şu gün irden baş sekretaryň eden beýanatyndan hem görşüňiz ýaly, ol uly howsaly düşdi, has dogrusy bu aýdylýan habara aňk boldy we biz tizden-tiz derňew geçirmek zerurlygyny gördük. Bu, netijeleriniň nämedigine garamazdan, gumanitar nukdaý nazardan hem, adam ýitgileri babatda hem diýseň agyr ýitileşme bolup durýar.»

Siriýa ret edýär

Siriýanyň Informasiýa ministri Omran Zoabi hökümetiň bu diýilýän hüjüme gatnaşygynyň bardygyny ret etdi we pitneçi güýçleri, hökümet goşunlarynyň üstünlikli hüjümlerinden soň, bu hadysany "fabrikasiýa" etmekde aýyplady.

"Aýdylýan zatlaryň hemmesi ýalan, ýöntem, mantyksyz we galplaşdyrylan. Biziň aýdýan zadymyz şu: ol ýerde hiç hili himiki ýarag ulanylmady, keminden siriýa goşuny ýa siriýa döwleti tarapyndan ulanylmady, muny subut etmek aňsat."

Oppozisiýa goldawçylarynyň ýaýradan wideoýazgylary we beýleki şekilleri bu diýilýän hüjümiň onlarça pidasyny, şol sanda çagalary hem görkezýär. Emma ol ýazgylaryň we suratlaryň asyl nusgadygy garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanylyp bilmedi. Pidalaryň görnüp duran ýaralary we şikesleri ýok.

Ekspertleriň käbiri zarin gazynyň ulanylan bolmagynyň ähtimaldygyny öňe sürdi. Emma derhal nähili zäherli serişdeleriň ulanylan bolmagynyň mümkindigi anyklanyp bilinmedi.

Siriýa hökümetiniň ýarany bolan Orsýet bu hadysanyň nähili ýagdaýlarda bolandygyny sorag astyna aldy we munuň pitneçileriň «prowakasiýasy» bolmagynyň ahmaldygyny öňe sürdi.

BMG-niň häzir Siriýada ýerleşýän topary bu konfliktde ozal himiki ýaraglaryň ulanylandygy barada aýdylýanlary derňemeli edilipdi. Taraplaryň ikisi hem biri-birini himiki ýaraglary ulanmakda aýyplap gelýär.
XS
SM
MD
LG