Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tigriň dolanmagy: halk taýýarmy, şertler neneňsi?


Tigriň dolanmagy: halk taýýarmy, şertler neneňsi?
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:41 0:00

Aşgbabadyň köçelerindäki tigir sürüşiklerden käbir pursatlar.

Türkmenistanda 1-nji sentýabrda geçiriljek ählihalk tigir sürüşiligine giň taýýarlyk görülýär, tigirsizler tigir alýar, türgenleşik geçirilýär.

Bu, bir tarapdan, Türkmenistanda 1960-njy ýyllardan 1980-nji ýyllara çenli aralykda hem ulag, hem sport enjamy hökmünde giňden ulanylan tigriň türkmen durmuşyna gaýtadan dolanyp gelýändiginiň alamaty bolup görünýär. Emma tigriň dolanmagyny nobatdaky syýasy kampaniýanyň bir bölegi hökmünde tankyt edýänler hem bar.

Eýsem türkmen halky tigir medeniýetine gaýtadan dolanmaga taýýarmy? Bu medeniýetiň ýokardan berlen görkezme esasynda durmuşa ornaşdyryljak bolmagy nähili netijeler berer?

Azatlyk Radiosynyň nobatdaky «Tegelek stol» söhbetdeşliginde şu meseleleriň üstünde pikir alşylýar. Oňa Aşgabatdan ýerli synçy Nurberdi Nurmämmet, žurnalist Soltan Açylowa, Şwesiýadan syýasy aktiwist Hudaýberdi Orazow gatnaşdy.

Şeýle-de bu söhbetde beýleki ýurtlaryň käbirindäki tigir medeniýeti hakynda maglumat berilýär.

Diňläň we pikiriňizi aýdyň!


please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG