Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukrain gazeti Moskwanyň planlaryny paş etdi


Orsýetiň prezidenti W.Putin (ç) we “Ukrainanyň saýlan ýoly” atly syýasy hereketiň ýolbaşçysy W. Medwedýuk (s), Kiýew, 27-nji iýul, 2013.
Orsýetiň prezidenti W.Putin (ç) we “Ukrainanyň saýlan ýoly” atly syýasy hereketiň ýolbaşçysy W. Medwedýuk (s), Kiýew, 27-nji iýul, 2013.

Kiýew bilen Moskwanyň arasynda dowam edýän çekeleşikler hasam dartgynlaşdy. Muňa Kremliň Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmagynyň öňüni almak planlary barada habar berýän käbir dokumentleriň çap edilmegi sebäp boldy.

Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen şertnama baglaşmagynyň Orsýetiň göwnünden turmaýandygy köpden bäri hemmä mälim.

Emma indi Orsýetde bu ugurdan ýörite planyň bolandygy barada maglumat ýaýradyldy.

Şeýle pikirler ýakynda “Zerkalo nedeli” atly neşirde çap bolan maglumatlardan soň öňe sürüldi. Gazetiň geçen dynç günlerinde çap eden 10 sahypalyk maglumatynda Moskwanyň Ukrainadaky öz ýaranlary bilen bilelikde bu ýurtda Orsýetiň täsirini artdyrmak boýunça iş geçirmek planlary barada gürrüň berildi.

Bu dokumentiň hakykylygy köp soraglary döretdi. Muňa garamazdan, Ukrainanyň daşary işler ministriniň öňki orunbasary Wladimir Ogryzko Azatlyk Raidosyna beren interwýusynda şol dokument Orsýetiň niýetini doly görkezýär diýen pikiri orta atdy.

Dokumentde Orsýetiň esasy maksatlary diýlip üç ugur kesgitlenýär, ýagny Ukrainanyň Ýewropa Bileleşigi bilen birleşmek barada ylalaşyga gol çekmeginiň öňüni almak, Ukrainada hökümetiň Orsýet üçin bähbitli bolmadyk hereketlerine päsgel berip biljek “täsirli toparlary döretmek” we Ukrainany Orsýetiň ýolbaşçylygyndaky regional gümrük bileleşigine çekmek ýly meseleler agzalýar.

Dartgynlylyk döwri

Bu dokument Orsýet bilen Ukrainanyň arasynda gatnaşyklaryň has-da dartgynlaşan döwrüne gabat geldi.

Orsýet ýakynda Ukrainadan gelýän harytlary barlamak boýunça çäreleri girizdi. Şeýle-de, Moskwa Ukrainanyň öňki daşary işler ministri we Günbataryň tarapdary bolan syýasatçy Petro Poroşenkonyň süyji çykarýan “Roşen” fabriginiň önümlerine gadagançylyk girizdi.

Çap edilen dokumentlerde soňky wakalarda “Ukrainanyň saýlan ýoly” atly syýasy hereketiň ýolbaşçysy Wiktor Medwedýugyň eliniň bolmagynyň ähtimaldygy hem bellenýär.

Ukraina bilen Orsýetiň arasyndaky jedel ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň syýasatyna kolege salýar. Ýanukowiç 2010-njy ýylda prezidentlige saýlananda, Moskwa bilen gatnaşyklary gowulandyrmagy wada beripdi, köpler oňa Orsýetiň tarapynda çykyş edýän syýasatçy hökmünde garaýardy.

Ýewropa bilen hyzmatdaşlyk

Emma Ýanukowiç köpçüligiň öňündäki çykyşlarynda hemişe Ýewropa Bileleşigi bilen partnýorlygy goldap çykyş edip geldi. Ukraina Ýewropa Bileleşiginiň Günbatar partnýorlygy pogrammasynyň üstünlikli mysallarynyň biri boldy. Ukraina Brýussel bilen bileleşik boýunça ylalaşyga we giňişleýin erkin söwda barada ylalaşyga gol çekmäge taýýardygyny mälim etdi. Bu dokumentler boýunça gutarnykly karara noýabr aýynda Wilnýusda Günbatar partnýorlygynyň sammitinde gelinmegine garaşylýar.

Metbugatda çap bolan soňky dokumentler analitiklerde Moskwanyň noýabr aýynda boljak şol duşuşyk bilen baglylykda Ukrainada 2015-nji ýylda boljak prezidentlik saýlawlaryna we 2017-nji ýylda boljak parlament saýlawlaryna çenli öz täsirini güýçlendirmäge çalyşýandygyny çak etmäge esas döretdi.
XS
SM
MD
LG