Sepleriň elýeterliligi

Mubarak tussaglykdan çykdy


Müsüriň öňki prezidenti Hosni Mubarak tussaglykdan boşadyldy. Ol türmeden Kairiň harby gospitalyna eltildi.

85 ýaşly Mubarak 2011-nji ýylyň aprel aýyndan bäri tussaglykda saklanypdy. Ol şol ýylyň başynda ýurtda bolan protestleriň netijesinde häkimiýet başyndan çetleşdirilipdi.

Hepdäniň çarşenbe güni Kairiň sudy Mubaragy tussaglykdan şertli boşatmak kararyny yglan etdi. Mabarak döwletiň eýeçiligindäki mediýa kompaniýasyndan sowgat alandygy baradaky aýyplamalar sebäpli bu sud işine çekilipdi.

Müsüriň içeri işler ministri Hazem El-Belawiniň edarasy Mubaragyň türmeden boşadylyp öý tussaglygynda saklanjagyny mälim etdi. Mubaragyň 2011-nji ýylyň rewolýusiýasynyň dowamynda protestçilere garşy çäre görmegi tabşyrmagy bilen bagly sud işi henizem dowam edýär.
XS
SM
MD
LG