Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Damasky derňewe çagyrýar


BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Moon Siriýanyň hökümetini şu hepdede Damaskyň golaýynda humiki ýaraglar bilen hüjüm edildi, diýlip berilen habarlar boýunça BMG-niň derňewçileri bilen bile işleşmäge çagyrdy.

Anna güni Günorta Koreýa eden saparynyň dowamynda eden bu çykyşynda Ban Ki-Moon himiki ýaraglaryň ulanylmagynyň halkara kanunlaryna ters gelýändigini aýtdy we “şeýle jenaýatçylyklar jenaýatçy üçin ýaramaz netijeleri bermeli”, diýip belledi.

BMG-niň maglumatyna görä, Siriýada gidýän graždan urşy zerarly ýurdy terk eden çagalaryň sany bir milliona ýetipdir. Siriýada iki ýarym ýyl bäri dowam edýän uruş zerarly ýurdy terk edenleriň umumy sany iki million adama golaý, diýilip kesgitlenýär.

Anna güni BMG-niň UNISEF çagalar fondy Siriýada ýene iki milliona golaý çaganyň öz öýlerinden göçmäge mejbur bolandygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG