Sepleriň elýeterliligi

Habarowsk: Suwuň derejesi galýar


Orsýetiň suw alan Habarowsk şäheriniň golaýynda Amur derýasynyň suw derejesiniň ýokarlanmagy dowam etdirýärkä, meteorologiýa gulluklary güýçli ýagyşyň iki günläp ýagjakdygyny habar berýärler.

Anna güni Habarowskda suwuň derejesi 718 santimetre ýetdi. Bu şäheriň taryhynda suw alyş bilen bagly ozalky rekordlardan ýagny 1898-nji ýylda bolan derejeden 75 santimetr ýokarlandy.

Adatdan daşary ministrliginden Wladimir Stepanow Orsýetiň suw alan Uzak Gündogar regionlaryndan 23 000 adamyň ewakuasiýa edilendigini habar berdi.

Amur derýasynyň Habarowskdan ýokarda ýerleşýän böleklerinde Birobidjan regionynda suwuň derejesi peselipdi, emma güýçli ýagyşlar zerarly suw ýene köpelip başlady.
XS
SM
MD
LG