Sepleriň elýeterliligi

Morsiniň tarapdarlary protesti planlaşdyrýar


Müsüriň häkimiýet başyndan çetleşdirilen prezidenti Muhammad Morsiniň tarapdarlary harbylaryň ýolbaşçylygyndaky hökümete garşy protestleri gaýtadan başlamaga çagyryş etdiler.

Synçylar anna gününe planlaşdyrylan protestlere Morsiniň “Musulman doganlar” topary üçin synag hökmünde garaýarlar. Mundan öň ençeme hepdeläp dowam eden gandöküşlik ýüzlerçe adamyň heläk bolmagyna we “Musulman doganlar” toparynyň ýolbaşçylarynyň tussag edilmegine getiripdi.

Müsüriň demokratiýa ýoly bilen saýlanan prezidenti Muhammad Morsi 3-nji iýulda ýurduň harbylary tarapyndan häkimiýet başyndan çetleşdirilipdi. Ol näbelli bir ýerde tussag astynda saklanýar.

Planlaşdyrylan protestleriň öňüsyrasynda Müsüriň Morsiden öňki prezidenti 85 ýaşly Hosni Mubaragyň türme tussaglygy öý tussaglygyna çalşyryldy.
XS
SM
MD
LG