Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: HRW derňewi talap edýär


Adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” guramasy gazak resmilerine ýüzlenip, garaşsyz žurnalistiň urulyp -ýenjilmegi bilen bagly wakany derňemäge ündedi.

HRW Penşenbe güni ýaýradan beýannamasynda polisiýanyň şol waka boýunça jogap bermäge hem Igor Larrany medisina barlagyndan geçirmäge örän haýal çemeleşendigini belledi.

“Söz azatlygy” atly garaşsyz gazetiň habarçysy Larra dört sany näbelli hüjümçiler tarapyndan demir taýak bilen kellesine köp gezek urulypdyr. Bu waka Gazagystanyň Aktobe şäherinde penşenbe güni bolupdyr.

Žurnalist özüne garşy edilen bu hüjümi onuň ýakynda Aktobe şäheriniň häkimi barada tankydy maglumat çap edendigi bilen baglanyşdyrýar.

Penşenbe güni şäher polisiýasy žurnaliste edilen hüjümiň onuň žurnalist hökmünde alyp barýan işleri bilen bagly däldigini, hüjümçileriň bolsa huliganlardygyny aýtdy.

Igor Larra 2010-njy ýylda Gazagystanyň günbatarynda bolan protestler barada habar berensoň, ençeme sapar urulypdy.
XS
SM
MD
LG