Sepleriň elýeterliligi

Seul-Phenýan: Maşgala birleşmesi gün tertibinde


Demirgazyk Koreýanyň we Günorta Koreýanyň diplomatlary 1950-nji ýyllaryň başynda bolan uruşdan soň aýralykda galýan maşgalalaryň birleşmegi üçin mümkinçilik döretmek barada gepleşik geçirýärler.

Gepleşikler anna güni serhetýaka Panmunjom şäherinde geçirildi.

Demirgazyk Koreýanyň ýakynda aýtmagyna görä, Phenýan maşgalalaryň bileleşmeginiň Koreýada sentýabr aýynda geçirilýän “Çuseok” atly hasyl baýramçylygynda bolmagyna garaşýar.

Maşgalalaryň bileleşmegi boýunça soňky çäreler, iki ýurt arasynda harby dartgynlylyk güýçlenmänkä, 2010-njy ýylda geçirilipdi.

Koreýa ýarymadasyň ikä bölünmegine getiren 1050-53-nji ýyllaryň uruşy zerarly millionlarça maşgala aýralyga sezewar bolupdy.
XS
SM
MD
LG