Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň uçarlary Liwany bombalady


Ysraýylyň harbylary öz uçarlarynyň Liwan tarapynda bombalaýyşlary geçirendigini mälim etdiler we munuň Liwan tarapyndan Ysraýyla atylan raketalara jogap bermek üçin edilendigini aýtdylar.

Anna güni ýaýradylan beýannamada Ysraýylyň howa güýçleri “Beýrut bilen Sidonyň arasyndaky terrorçylaryň ýerleşýän ýerine zarba urup, Ysraýylyň demirgazyk bölegine dört raketanyň atylmagyna jogap berdiler”, diýip bellenýär.

Habar berilişine görä, penşenbe güni Ysraýyla atylan raketalar binalary ýumrupdyr, emma adam heläkçiligine sebäp bolmandyr.

Ysraýyla edilen hüjümleriň jogapkärçiligi “Al-Kaýda” bilen bagly “Abdullah Azzam Brigadalary” atly topar tarapyndan öz üstüne alyndy.
XS
SM
MD
LG