Sepleriň elýeterliligi

Obama agzalýan himiki hüjümiň 'uly wakadygyny' aýdýar


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Siriýada boldy diýilýän himiki ýarag hüjümini "uly waka" diýip atlandyrdy. CNN anna güni prezident bilen söhbetdeşligi efire berdi.

"Biziň gören zadymyz munuň düýpli alada döredýän we şübhesiz uly wakadygyny görkezýär. Onsoň biz eýýäm tutuş halkara jemgyýetçiligi bilen gürleşip ýörüs. Biz olaryň has netijeli hereket etmegini gazanmak üçin BMG-niň üsti bilen işleýäris. Biz Siriýanyň hökümetini hem şol diýilýän ýerde barlag geçirilmegine rugsat bermäge çagyrdyk. Sebäbi BMG-niň inspektorlary häzir edil şol ýerde."

Obama Birleşen Ştatlar bir ýol bilen Siriýanyň içindäki çylşyrymly mezhep problemalaryny çözüp biler diýmegiň kähalatda biraz ulaltma bolýandygyny hem sözüne goşdy.

Siriýa derňewe ýol açmaly

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-Mun Günorta Koreýada çykyş edip, Siriýanyň hökümetini BMG-niň bu ýurda baran himiki ýarag inspektorlary bilen çarşenbe güni Damaskyň golaýynda bolan hüjüm babatda hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

"Haýsy ýerde, kim tarapyndan, nähili ýagdaýlarda ulanylandygyna garamazdan, himiki ýaraglary ulanmak Halkara kanunyny bozmak bolýar. Adamzada garşy beýle jenaýatyň edilmeginiň ony amala aşyranlar üçin çynlakaý netijeleri bolmalydyr."

BMG-niň himiki ýarag inspektorlary Siriýa ýekşenbe güni, ozalky himiki hüjüm diýilýänleri derňemek üçin bardy. Bu ýurtda hökümet we pitneçi güýçler bir-birini himiki ýaraglary ulanmakda aýyplaýar.
Diýiläýn himiki hüjümden ölen bäbekleriň jesetleri. 21-nji awgust, 2013.

Diýiläýn himiki hüjümden ölen bäbekleriň jesetleri. 21-nji awgust, 2013.


Siriýanyň oppozisiýa çeşmeleri çarşenbe güni irden Damaskyň golaýynda amal aşyryldy diýilýän himiki ýarag hüjüminde ölen adamlaryň sanynyň 500 bilen 1300 aralygyndadygyny öňe sürýär. Emma bu sanlar garaşsyz çeşmeler tarapyndan tassyklanylyp bilinmedi.

"Prowakasiýamy" ýa däl?

Birleşen Ştatlar özüniň şu wagta çenli bu hüjümde himiki ýaragyň ulanylyp-ulanylmandygyny kesgitli aýtmak mümkinçiliginiň bolmandygyny aýtdy.

Birleşen Ştatlar 2003-nji ýylda Yraga çozup gireninden soň ol ýerde köpçülikleýin gyrgyn ýaragyny gözlän Yrak agtaryş toparynyň öňki başlygy Çarles Duelfer çarşenbe güni bolan hüjümden soňky ýagdaýy görkezýän wideoýazgylary synlap, öz pikirini aýtdy.

"Bu gaty täsirli we galp, ýasama bir zat däldigi açyk görnüp dur. Men bularyň hakyky adamlardygy barada aýdýan. Sen bu hili zady ýasap bilmersiň, köp babatda – men käbir halkara taraplaryň bu bir galp, ýasama zat, Orsýetiň daşary işler ministriniň sözleri bilen aýtsak, «prowakisiýa» diýýänini bilýärin. Bu ynandyryjy pozisiýa däl."

Uruş we çagalar

Şu arada BMG raýat urşy zerarly Siriýadan gaçmaga mejbur bolan çagalaryň sanynyň bir milliona baryp ýetendigini aýtdy.

BMG-niň Çagalar fondy, UNICEF we BMG-niň Bosgunlar gullugy anna güni siriýaly ýaşlaryň ýene iki millionynyň Siriýanyň içindäki öýlerinden başga ýere göçürilendigini aýtdy.

Günorta-günbatardaky Daraa şäheriniň ýaşaýjysy, 14 ýaşly Ahmed öz maşgalasynyň başyna düşen zatlar barada BMG-niň Bosgunlar gullugyna şeýle gürrüň berdi:

"Meniň doganym öldürildi, uýamyň beýnisine zeper ýetdi. Biz ilki ony bu ýere getirip bilmeris öýtdük. Ahyrynda biz ony we doganymyň jesedini bu ýere alyp geldik. Doganymy şu ýerde jaýladyk. Uýam häzir bejergi alyp, bolan hadysadan soň gaýtadan ýöremegi öwrenýär. Ol çep aýagyny ulanyp bilenokdy. Men bir gün yzymyza, öe dolanyp bilsek diýip arzuw edýärin."

Siriýadaky uruş başlaly bäri ol ýerden gaçyp çykan adamlaryň jemi sany iki million diýip hasaplanýar.

BMG-niň gulluklary çagalaryň hem köplenç hüjüm astyna düşýändiklerini ýa-da, halkara kanunçylygyny bozup, olary söweşe çekýändiklerini aýdýarlar.

BMG-niň maglumatlaryna görä, siriýaly bosgunlaryň 740 müňüsi 11 ýaşdan aşakdaky çagalar bolup durýar.

Siriýadaky konfliktden gaçan bosgunlaryň köpüsi Türkiýede, Liwanda, Yrakda, Iordaniýada we Demirgazyk Afrikada ýerleşdi.
XS
SM
MD
LG