Sepleriň elýeterliligi

Häkim işden çekildi


Amerikanyň sekizinji uly şäheri bolan San Diýegonyň häkimi 20 çemesi aýala jynsy süýkenmesi baradaky gürrüňler sebäpli işden çekildi.

70 ýaşyndaky häkim Bob Filner anna güni özüniň işden çekilmäge taýýardygyny, emma jynsy süýkenme meselesinde bigünädigini aýtdy.

Ol San Diýegonyň şäher geňeşiniň agzalary, bu meseläniň çözgüdi hökmünde, Filneriň işden çekilmegi baradaky teklibe ses bereninden soň çykyp gürledi.

Kaliforniýanyň baş prokuraturasy bolsa, Filneri derňemek boýunça jenaýat işini açandygyny yglan etdi.

Häkimiň ozalky metbugat sekretary Filneri jynsy süýkenmede aýyplap, iýul aýynda suda berdi. Şondan soň ýene 17 aýal Filneriň bigelşik hereketlerinden şikaýat etdi.

Filner Kaliforniýanyň günortasyndaky kenarýaka şähere geçen ýyl häkim saýlanypdy.
XS
SM
MD
LG