Sepleriň elýeterliligi

Ymama 25 ýyl berildi


Birleşen Ştatlaryň Florida ştatynda bir ymam Pakistanyň «Talybanyna», ABŞ tarapyndan terrorçy gurama hasaplanýan topara onlarça müň dollar iberendigi üçin 25 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

78 ýaşyndaky Hafiz Han mart aýynda Pakistanyň «Talybanyna» 2008-nji we 2010-njy ýyllar aralygynda 50 müň çemesi amerikan dollaryny iberendigi üçin günäli tapyldy.

Birleşen Ştatlaryň prokurorlary bu pullaryň ABŞ we Pakistan nyşanalaryna garşy hüjüm etmek üçin maliýe ýardamy bolanydygyny aýdýar.

Han bu aýyplamany ret edýär we ol pullaryň öz maşgalasy, dostlary, şeýle-de Swat jülgesindäki dini mekdep üçin iberilendigini aýdýar.

Pakistanda doglan, amerikan raýaty bolan Han Maýamidäki Flagler mitjidiniň ymamydy. Bu iş bilen bagly onuň iki ogly hem tussag edildi, emma olara ýyl kesilmedi.
XS
SM
MD
LG