Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ätiýaçlyk kandidaty saýlandy


Azerbaýjanyň birleşen oppozisiýasy oktýabrda geçjek prezident saýlawlaryna, öňki ýeke-täk kandidatyň ýany bilen, alternatiw kandidat görkezdi.

Demokratik güýçleriň Milli geňeşi anna güni Bakuwda bolan ýygnagynda, biraz öň oppozisiýadan ýeke-täk kandidat görkezilen Rustam Ibragimbekowyň yzyny tutmak üçin, Kamil Hasanlyny kandidatlyga saýlady.

74 ýaşly kinorejisser Ibragimbekow, şindi hem Birleşen oppozisiýanyň ilkinji kandidaty bolmak bilen, häzir Azerbaýjandan daşarda ors raýatlygyndan çykmak bilen meşgul.

Eger ol ors raýatlygyndan çykmasa, Azerbaýjandaky prezident saýlawlaryna kandidat bolup bilmeýär.

69 ýaşyndaky Hasanli belli taryhçy we ozalky deputat. Ol kandidatlyga saýlananyndan soň eden çykyşynda, 9-njy oktýabrda geçjek prezident saýlawlarynda ýeňiş gazansa, häkimiýeti halka gaýtaryp berjegini aýtdy.

Onuň kandidaturasy Ibragimbekow tarapyndan hödürlenildi.
XS
SM
MD
LG