Sepleriň elýeterliligi

Kerri bilen Şarif gürleşdi


Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Pakistany Waşingtonyň Yslamabada terrora garşy uruşda dowamly goldaw berjegine ynandyrdy.

Anna güni bolan telefon gürrüňinde, aýdylmagyna görä, Kerri bilen Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif ABŞ-nyň ýolbaşçylygynda terrora garşy alnyp barylýan kampaniýa we regional howpsuzlyk meseleleri barada maslahat edipdir.

Pakistanyň mediasy Kerri bilen Şarifiň Pakistan bilen Hindistanyň arasynda dowam edýän serhet dawalary barada hem maslahat edendigini ýazýar.
XS
SM
MD
LG