Sepleriň elýeterliligi

BMG Liwan partlamalaryny ýazgarýar


BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Liwanda azyndan 42 adamy öldüren, ýüzlerçe adamy ýaralan goşa ulag partlamasyny ýazgardy.

Howpsuzlyk geňeşiniň biragyzdan kabul edilen jarnamasynda aglaba köplügi sünnilerden durýan Tripoli şäherinde, anna güni iki sany metjidiň daş işiginde bolan «terror hüjümleriniň berk ýazgarylandygy» aýdylýar.

Bu beýanatda ähli liwan halky, ýurduň durnuklylygynyň bozuljak bolnup synanyşylýan halatynda, milli bitewiligi saklamaga çagyrylýar.

Şeýle-de bu jarnama liwanlylary goňşulykdaky Siriýanyň krizisine hiç hili gatyşmazlyga çagyrýar.

Tripoli partlamalary geçen hepde Beýrutyň günortasynda, esasy şaýylaryň ýaşaýan we Hizbolla toparynyň kontrollugyndaky etrapda bolan ganly ulag partlamasyndan soň boldy.

Bu ýagdaý liwan fraksiýalarynyň siriýa konfliktine barha beter çekilip barýandygy baradaky aladalary güýçlendirdi.
XS
SM
MD
LG