Sepleriň elýeterliligi

ABŞ güýçleri taýýarlaýar


Goranmak sekretary Çak Heýgel Birleşen Ştatlaryň, Amerika Siriýada harby hereket etmek kararyna gelen ýagdaýynda, zerur boljak harby-deňiz güýçlerini we käbir beýleki zatlary taýýarlamaga başlandygyny aýdýar.

Heýgel prezident Obama Pentagondan Siriýa babatda harby çärelere taýýarlyk görmegi sorady, bu çäreleriň käbiri «biziň güýçlerimiziň ýerleşdirilmegini talap edýär» diýdi.

Heýgel ABŞ-nyň güýçleriniň hereketi barada aýtmakdan ýüz öwürdi. Heýgel Birleşen Ştatlar entegem Siriýanyň hökümet güýçleriniň ýüzlerçe adamyň ölümine sebäp boldy diýilýän hüjümde himiki ýaraglary hakykatdan ulanyp-ulanmandygyny anyklamaga çalyşýar diýdi.

Obama bu diýilýän hüjümi düýpli alada döredýän uly waka diýip atlandyrdy.

Şeýle-de Obama, eger bu hüjümiň arkasynda Siriýanyň hökümetiniň durandygy hakykatdanam subut edilse, bu ýagdaý «Amerikanyň ünsüni talap eder» diýdi.
XS
SM
MD
LG